Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

  • düýn 22:08
  • 1k+

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw jaýlaryna girmek üçin geçirilýän milli synagyň (NEET) töwereginde ýüze çykan aldawçylyk wakalaryny derňemek işleri bilen baglanyşyklydyr.

Aldawçylaryň guramaçylykly toparlary synaga gatnaşyjylary aldamak we bikanun işleri amala aşyrmak üçin öňem hut şu platformany uanypdyrlar. Şonda synag tabşyryklarynyň we soraglaryň ogurlanyp, internete syzmagy sebäpli synaglar ýatyrylypdy. Bu bolsa talyplaryň arasynda köpçülikleýin garşylykly topalaňlaryň döremegine sebäp bolupdy. Şonuň üçin häzirki girizilen petikleme 21-nji iýuna meýilleşdirilen gaýtadan synag kabul edilişigiň bökdençsiz we doly howpsuz ýagdaýda geçirilmegini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Messenjeriň işiniň çäklendirilmegi maglumat tehnologiýalary baradaky kanunyň berk düzgünlerine esaslanyp amala aşyryldy. Häkimiýetleriň resmi beýanatynda bellenilişi ýaly, hereket edýän kanunçylyk ýurduň özygtyýarlylygyny we bitewüligini goramak bähbitleri saýlanyp berlende, onlaýn çeşmeleri petiklemäge doly hukuk berýär. Hökümet bu ädimiň platformadaky bikanun mazmunlary we maglumatlary pozdurmak boýunça edilen netijesiz synanyşyklardan soň baş goşulan iň soňky çäredigini aýratyn nygtady.

Şeýle-de, häkimiýetler ýüzlerçe müň ulanyjy üçin döredilen bu amatsyzlyga gynanýandyklaryny, emma synag işleriniň adalatlylygyny goramak üçin munuň iňňän zerur ädimdigini mälim etdiler.

Reuters agentligi bu petiklemäniň Hindistanyň taryhyndaky iň uly we iň giň göwrümli sanly çäklendirmeleriň biri boldy. Çünki Hindistan dünýäde Telegram programmasyny iň köp ýükläp alýan ýurt bolup. Bu ýurtda programmanyň 104 milliona golaý ulanyjysy bar. Deňeşdirme üçin aýtsak, Russiýada Telegramyň auditoriýasy takmynan 34,4 milliona, ABŞ-da 26,85 milliona, Braziliýada bolsa 14,85 milliona barabardyr.


16.06.2026 12:35
6k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....

26.05.2026 15:47
10k+

Hindi poliseýleri yssy howa sebäpli içi kondisionerli başgap geýýärler

Hindistanda dowam edýän aşa yssy howa zerarly Nýu-Deliniň ýol polisiýasynyň işgärleri içine sowadyş ulgamy gurnalan şlemleri geýip başladylar....