Rimde Trewi çüwdürimine teňňe oklamak tölegli boldy

  • 03.02.2026 21:28
  • 4.7k+

Rimde Trewi çüwdüriminiň golaýyna barmak üçin töleg girizildi. Indi çüwdürimiň ýakynynda durmak we oňa şaýlyk pul taşlamak isleýän syýahatçylar 2 ýewro tölemeli bolarlar.
Şäher häkimiýetleriniň habar bermegine görä, bu çäre syýahatçylygyň şähere salýan agramyny azaltmaga we taryhy ýadygärligi saklamak üçin serişde toplamaga gönükdirilendir. Guramaçylyk topary täze düzgün her ýyl azyndan 6,5 million ýewro
 girdeji getirer diýlip çaklaýar. Ýygnalan serişdeleri fontanyň özüni hem-de Italiýanyň paýtagtynyň beýleki arhitektura ýadygärliklerini abat saklamaga sarp etmek meýilleşdirilýär.
Diňe syýahatçylara degişli bolan bu töleg her gün sagat 09:00-dan 21:00-a çenli alynýar. Rimiň ýaşaýjylary, alty ýaşdan kiçi çagalar, maýyplygy bolan adamlar we olary saklaýjylar üçin töleg geçirmek zerurlygyndan boşadylýar. Üstesine-de çüwdürimiň öňündäki meýdança erkin gezelenç üçin açyklygyna galýar. Tölegi diňe çüwdürimiň hut öz ýanyna barmak isleýänler tölemeli.
Trewi çüwdürimi XVIII asyryň ortalarynda gurlupdyr. Ony döretmek boýunça işler takmynan 30 ýyl dowam edip, 1762-nji ýylda tamamlanypdyr. Bu hakyky sungat eseri uly meşhurlyk gazanyp, «baky şäheriň» nyşanlarynyň birine öwrüldi. 2025-nji ýylda bu owadan ýere takmynan 10 million adam geldi.
Mundan ozal Italiýada Rimdäki Panteon, Weronadaky «Julýettanyň howlusy», şeýle-de syýahatçylyk möwsüminde iň ürç edilýän Wenesiýa ýaly birnäçe taryhy ýerlere barmak hem tölegli bolupdy.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......