Dubaýda daşdan oýulyp ýasalana meňzeýän binaň taslamasy görkezildi

  • 13.03.2026 10:36
  • 6.9k+

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik firmasy Dubaý Halkara Maliýe Merkeziniň (DIFC) sebitinde gurulmagy meýilleşdirilýän Janu Dubai köpugurly gurluşyk taslamasy bilen tanyşdyrdy.

Arhitektorlar töweregindäki aýnadan gökdirän binalary bilen deňeşdirilende düýpgöter tapawutly dizaýny teklip etdiler. Bina çuň terrasaly we çykyp duran göwrümli agyr, heýkeltaraşlyk fasadyna eýe bolar. Bu çemeleşme daşdan oýlup ýasalan ýaly monolit täsirini döredýär.

Binanyň berk geometriýasyny ýumşadyp, terrasalaryň gyralaryna dürli ösümlikler ekiler.

Ýokarky gatlarda 57 rezidensiýa ýerleşer. Bu toplumda iki otagly kwartiralardan başlap, 1000 inedördül metrden gowrak meýdany bolan üç gatly penthauslar ýerleşer. Olaryň petikleriniň beýikligi 3,5 metre ýeter, bezegleri tebigy daşdan we agaçdan ýasalar.

Ýaşaýjylaryň landşaftyň içinde gizlenen aýratyn girelgesi bolar. Şeýle hem, binada 18 metrlik foýe we suw howzy hem-de fitnes merkezi bolan dynç alyş zolagy bolar.

Herzog & de Meuron 1978-nji ýylda Žak Hersog we Pýer de Mýoron tarapyndan Şweýsariýada esaslandyrylan binagärlik firmasydyr. Studiýa bütin dünýäde iri medeni we jemgyýetçilik taslamalary, şol sanda Londondaky Teýt Modern muzeýi we Pekindäki “Guş höwürtgesi” stadiony bilen tanalýar.


19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

06.06.2026 11:47
9.8k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

26.05.2026 15:18
2k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

20.05.2026 11:29
6.9k+

Dubaýda diňe zenanlara niýetlenen gije-gündizlik ilkinji kenar açyldy

Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy....