Dubaýda diňe aýal-gyzlar üçin niýetlenen, gije-gündiz işleýän we gije suwa düşmäge mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji hususy kenarýaka açyldy.
«Al-Mamzar» dynç alyş kenary emirligiň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýär we ol kenarýaka infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak programmasynyň bir bölegi boldy. Bu ýerde diňe aýal-gyzlar hyzmat edýär — goragçylar, halasgärler we beýleki işgärler diňe zenanlardan düzülendir.
Gelýän zenanlar üçin gizlinligi we şahsy durmuşyň goralmagyny üpjün edýän güýçlendirilen çäreler girizildi. Kenar ýörite germewler we howpsuzlyga gözegçilik edýän akylly ulgamlar bilen enjamlaşdyryldy. Bu ýerde surat düşürmek hem gadagandyr.
Zenanlar zolagynyň umumy meýdany 125 müň inedördül metre barabar. Çagalar üçin aýratyn oýun meýdançasy gurnaldy. Oglanjyklara bu kenarda diňe alty ýaşyna çenli bolmaga we hökmany ýagdaýda ejeleriniň ýanynda bolmagy bilen rugsat berilýär.
«The Independent» neşiriniň bellemegine görä, BAE-de öň hem aýratyn zenanlar kenarýakalary we ýörite «zenanlar günleri» bardy, ýöne «Al-Mamzar» dünýäde diňe aýal-gyzlar üçin gije-gündiz elýeterli bolan ilkinji dynç alyş kenaryna öwrüldi.