Dubaýda aerotaksi üçin ilkinji täjirçilik wertiport açyldy

  • 22.04.2026 17:36
  • 5.2k+

Dubaýda dünýäde ilkinji gezek aerotaksiler üçin niýetlenen täjirçilik wertiporty (wertikal uçuş we gonuş duralgasy) açyldy. Bu desga halkara howa menziliniň çäginde ýerleşýär we dikligine uçýan hem-de gonýan elektrikli apparatlary (eVTOL) kabul etmäge taýýar edildi.

Meýdany takmynan 3100 inedördül metr bolan bu toplum ýylda 170 müňe çenli ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir we ol iki sany gonuş meýdançasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu desga şäheriň täze ulag ulgamynyň bir bölegine öwrüler.

Infrastrukturany ösdürmek işi bilen «Skyports Infrastructure» kompaniýasy meşgullanýar, gatnawlary bolsa Dubaýda alty ýyl möhlet bilen eksklýuziw işlemek hukugyny alan «Joby Aviation» kompaniýasy amala aşyrar. Wertiport çalt zarýad beriş ulgamy bilen üpjün edilen bolup, ol diňe bir aerotaksileri däl, eýsem dikuçarlary hem kabul edip bilýär.

«Joby» kompaniýasy eýýäm sebitde synag uçuşlaryny geçirdi we öz tehnikalaryny sertifikatlaşdyrmak işlerini dowam etdirýär. Geljekde şäheriň dürli etraplarynda goşmaça meýdançalary açmak meýilleşdirilýär.

Täjirçilik reýsleriniň 2026-njy ýylyň ahyrynda ýola goýulmagyna garaşylýar. Eger bu taslama doly durmuşa geçirilse, Dubaý yzygiderli aerotaksi gatnawlary bolan dünýädäki ilkinji şäher bolar.


20.06.2026 19:55
11k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

19.06.2026 19:36
6k+

Içgysgynç terminallary ýatdan çykaryň: Ýer ýüzüniň iň owadan ýedi howa menzili kesgitlendi

Arhitektura boýunça abraýly «Prix Versailles» bäsleşigi «World’s Most Beautiful Airports List 2026» sanawyny çap etdi. Oňa köne interýerlerden ýüz öwrüp, öňdebaryjy çözgütleri saýlap alan hem-de syýahat......

19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

11.06.2026 07:37
5.6k+

Awiakompaniýalar ýolagçylara goşy däl-de, jany halas etmegi öwreder

Halkara howa ulaglary assosiasiýasy (IATA) Rio-de-Žaneýroda geçirilen 82-nji ýyllyk ýygnagynda «Goşuňy däl-de, janyňy halas et» (Save a Life, Not a Bag) atly täze howpsuzlyk kampaniýasyna başlady. Bu......