Dubaý, Jidda we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar aprele çenli ýatyryldy

  • 10.03.2026 13:50
  • 9.1k+

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligindäki çäklendirmeler sebäpli, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 9-njy martyndan 1-nji apreline çenli aşakdaky ugurlar boýunça gatnawlaryň wagtlaýyn ýatyrylandygyny habar berýär:

  • Aşgabat — Dubaý — Aşgabat
  • Aşgabat — Jidda — Aşgabat
  • Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat

Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini hiç hili tutumsyz doly yzyna gaýtaryp biler ýa-da iň ýakyn amatly senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip biler.

Biletleri yzyna gaýtarmak ýa-da uçuş senesini üýtgetmek üçin biletleriň satyn alnan nokatlaryna ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmak maslahat berilýär. Şeýle-de, turkmenistanairlines.tm saýtynda we onlaýn platformalarynda satyn alnan biletleriň puly bolsa töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtarylar.

Gatnawlaryň ýagdaýy baradaky iň soňky maglumatlary awiakompaniýanyň resmi saýtyndan we resmi habarlaşyk kanallaryndan yzarlap bilersiňiz.

«Türkmenistan» awiakompaniýasy ýüze çykan oňaýsyzlyklar bilen baglylykda ýolagçylardan ötünç soraýar we ýagdaýa düşünýändikleri üçin minnetdarlyk bildirýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

1. Jidda:
• Telefon belgisi: +90 545 575 15 83
• Elektron salgy: ops@favorite-ias.com
2. Dubai şäheri:
• Telefon belgisi: +971 50 280 05 08
• Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com
3. Türkmenistan:
• Telefon belgileri: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18
• Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm


19.06.2026 19:49
4.1k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

19.06.2026 10:10
3.1k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

19.06.2026 08:15
2k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

18.06.2026 22:11
2.2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......