20 müň tomaşaça niýetlenen: Abu Dabi ilkinji bolup ABŞ-nyň çäginden daşarda sfera binasyny gurýar

  • 18.05.2026 11:22
  • 8k+

Abu Dabide ABŞ-nyň çäginden daşardaky ilkinji sfera binasy – «Sphere Abu Dhabi» atly täsin we doly derejeli göwün açyş toplumynyň gurluşygy yglan edildi.

Ýas adasynda ýerleşjek bu desganyň açylyş dabarasy 2029-njy ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär. Taslama Abu Dabiniň Medeniýet we syýahatçylyk departamentiniň goldamagynda amala aşyrylyp, oňa goýuljak maýa goýumlaryň möçberi 1,7 milliard dollar töweregi bolar diýlip çaklanylýar. Bu ägirt uly toplum emirligiň göwün açyş merkeziniň düzüminde, ýagny «Yas Mall» söwda merkezi bilen «SeaWorld Abu Dhabi» seýilgähiniň aralygynda gurlar. Jemi 20 müň tomaşaçyny kabul etmäge ukyply bolan sferik arena konsertler, kino görkezilişleri, başa-baş söweş turnirleri we uly göwrümli şüweleňleri geçirmek üçin niýetlenendir.

Guramaçylaryň bellemegine görä, bu ýerde täze nesil audio we wizual tehnologiýalary ulanylar. Binanyň «Exosphere» diýlip atlandyrylýan daşky gabygy şäheriň dürli künjeklerinden gowy görünjek ägirt uly LED ekrana öwrüler. Emirligiň häkimiýetleri bu meýdançany halkara taslamalar bilen birlikde, ýerli sungat ussatlarynyň eserlerini görkezmek hem-de milli medeni miras bilen bagly sanly installýasiýalary ýaýratmak üçin hem ulanmagy meýilleşdirýärler.

Departamentiň başlygy Mohammed Halifa Al Mubarak Abu Dabiniň her bir binanyň üsti bilen uzak geljegi nazarlaýandygyny belläp, bu taslamany emirligiň taryhyny şu wagta çenli döredilen iň ägirt sahnada gürrüň bermek üçin amatly platforma diýip atlandyrdy.

Ýatladyp geçsek, taryhda ilkinji şeýle «Sphere» arenasy 2023-nji ýylda Las-Wegasda açylypdy we bu täze taslama Sphere Entertainment Co. kompaniýasynyň öz gerimini dünýä derejesinde giňeltmek babatdaky strategiýasynyň esasy bölegidir.


06.06.2026 11:47
8.5k+

Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat —......

04.06.2026 18:42
5.3k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

26.05.2026 15:18
1.9k+

Dubaýda sebitiň ilkinji sanly sungat muzeýi açylar

Dubaýda Ýakyn Gündogaryň ilkinji sanly sungat muzeýi bolan Museum of Digital Art (MODA) açylar....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....