Dubaý we Abu-Dabi şäherlerine gatnawlar iýunyň ortasyna çenli ýatyrylýar

  • 06.06.2026 11:47
  • 9.8k+

Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen «Türkmenistan» awiakompaniýasy AGPJ tarapyndan ýerine ýetirilýän Aşgabat — Dubaý — Aşgabat we Aşgabat — Abu-Dabi — Aşgabat ugurlary boýunça howa gatnawlary 15-nji iýuna çenli togtadyldy. Bu barada resmi saýtda habar berilýär.

Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini hiç hili tutumsyz doly yzyna gaýtaryp ýa-da iň ýakyn amatly senelere mugt üýtgedip biler. Munuň üçin biletleri satyn alan ýerleriňize ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmak maslahat berilýär. Resmi https://turkmenistanairlines.tm/ web sahypasyndan we onlaýn platformalardan satyn alnan biletleriň pul serişdeleri bolsa töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtarylar.

Awiakompaniýa ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýar we uçuşlaryň ýagdaýy baradaky soňky maglumatlary resmi saýtdan hem-de habarlaşyk kanallaryndan yzarlamagy soraýar.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

1. Dubaý şäheri:
• Telefon belgisi: +971 50 280 05 08
• Elektron salgy: ticket.mida@gmail.com
2. Türkmenistan:
• Telefon belgileri: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18
• Elektron salgy: info@turkmenistanairlines.tm


25.06.2026 20:02
7k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

19.06.2026 08:15
2.1k+

BAE göreşe goşuldy: ýurtda 15 ýaşdan kiçilere sosial torlaryny ulanmak gadagan edildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) Hökümeti kämillik ýaşyna ýetmedikleriň sosial ulgamlaryny ulanmagyny düýpgöter çäklendirýän karary tassyklady. «Khaleej Times» neşiriniň habar bermegine görä, mundan beýläk......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......