Baltika deňzinde halas edilen läheň Timmi Daniýanyň kenarlarynda öli tapyldy

  • 18.05.2026 14:53
  • 12k+

Belli örküçli läheň Timminiň (Houp hem diýilýär) läşi Daniýanyň Anholt adasynyň kenarynda tapyldy diýip, «Der Spiegel» neşiri Daniýanyň Daşky gurşawy goramak agentligine salgylanyp habar berýär.

Bu läheňiň hut Timmidigini anyklamak 2-nji maýda Demirgazyk deňzine goýberilmänkä oňa dakylan GPS-trekeriň kömegi bilen mümkin boldy.

Mundan öň 12 metrlik läheň Germaniýanyň golaýynda, Baltika deňziniň ýalpak ýerlerinde birnäçe gezek ýüzüp bilmän galypdy. Ol her gezek öz güýji ýa-da adamlaryň kömegi bilen halas bolýardy. Aprel aýynyň ahyrynda — maýyň başynda ony barža ýükläp, Demirgazyk deňzine çykarmak kararyna gelindi. Onuň halas edilişine bütin dünýä syn edipdi.

Meklenburg — Öňki Pomeraniýanyň daşky gurşawy goramak ministri Till Bakhaus läheňiň heläk bolmagyna gynanç bildirip, bu çäräniň haýwana soňky mümkinçiligi bermek üçin edilen synanyşykdygyny belledi.

Nemes zoologlary läheňi Demirgazyk deňzine äkitmek başlangyjyny birnäçe gezek tankyt edipdi diýip, «Deutsche Welle» ýatladýar. Daniýanyň häkimiýetleri bolsa mundan öň, eger läheň kenara zyňylsa, oňa kömek etmejekdiklerini aýdypdy. Olar munuň «tebigy ýagdaýdygyny» belledi.


26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

25.06.2026 14:38
6.7k+

Islandiýada iki ýyllyk arakesmeden soň gaýtadan läheň awlamak başlandy

Islandiýada täjirçilik maksatly läheň awunyň wagtlaýynça bes edilmeginden iki ýyl geçirip,  ýene-de iki sany läheň awlandy. RUV teleradiokompaniýasynyň habar bermegine görä, bu aw suw jandarlaryny tutmaga......

25.06.2026 10:41
3.6k+

Zalymlyga garşy gözellik: Nature and Humans surat bäsleşiginiň netijeleri

Ýylda geçirilýän üçünji Nature and Humans Photo Competition surat bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi. Oňa dünýäniň 49 ýurdundan we sebitinden suratçylar gatnaşdylar. Şu ýylky halkara eminler toparyna meşhur......

20.06.2026 20:25
12k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......