Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

  • düýn 18:58
  • 4.9k+

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde geçmeginiň mümkindigini duýdurdylar.

​World Weather Attribution (WWA) halkara barlag başlangyjynyň hasabatyna görä, çempionaty kabul edýän birnäçe şäherlerde aşa yssy howa howpy 1994-nji ýyldaky dünýä çempionaty bilen deňeşdirilende iki esse ýokarlandy. Ýaryş Demirgazyk Amerikanyň 16 şäherinde geçiriler.

Derňewçileriň çaklamasyna görä, oýunlaryň takmynan dörtden bir bölegi 26°C-den ýokary WBGT görkezijisinde geçip biler. Bu indeks howanyň temperaturasyny, çyglylygyny, Gün radiasiýasyny we şemalyň tizligini hasaba alyp, yssynyň adamyň bedenine edýän täsirini ölçeýär.

Halkara futbolçylar kärdeşler arkalaşygy edarasy (FIFPRO) WBGT görkezijisi 28°C-den geçse, oýunlary geçirmegi howply hasaplaýar. Şeýle bolanda ýokary çyglylyk bedeniň sowamagyny kynlaşdyrýar we ýylylyk urmak (teplowoý stress) töwekgelçiligini artdyrýar.

Guramaçylar oýnuň her ýarymynyň ortasynda suw içmek üçin üç minutlyk arakesmeler girizmegi we oýunlary günüň has giçki sagatlaryna goýmagy meýilleşdirýärler. Emma alymlaryň pikiriçe, bu çäreler hem ýeterlik däl

​Iň howply ýerleriň arasynda Maýami, Kanzas-Siti, Filadelfiýa we Nýu-Ýork şäherleriniň açyk stadionlary görkezilýär. Final oýnunyň geçiriljek ýeri bolan Ist-Raterforddaky (Nýu-Jersi ştaty) MetLife stadionynda yssy sebäpli bökdençlikleriň ýüze çykmak ähtimallygy 50%-e ýetdi.

«Dünýädäki iň uly sport wakalarynyň biri bolan final oýnunyň yssy howa töwekgelçiligi astynda geçmegi FIFA we janköýerler üçin duýduryş bolmalydyr. Bu ýagdaý klimat üýtgemeleriniň täsir etmeýän hiç bir ugrunyň galmandygyny ýatladýar» diýip, London imperiýa kollejiniň professory we WWA-nyň esaslandyryjysy doktor Friderike Otto belleýär.


13.05.2026 19:36
4.2k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

12.05.2026 23:00
12k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......

10.05.2026 12:29
4.2k+

FIFA futbol ýelmentgilerini çykarmak boýunça Panini bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyny bes edýär

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino 2030-njy ýylyň dünýä çempionatyndan soň Italiýanyň Panini kompaniýasy bilen hyzmatdaşlygyň bes ediljekdigini yglan etdi. 2031-nji ýyldan başlap, FIFA-nyň howandarlygyndaky......

09.05.2026 06:34
4.3k+

FIFA dünýä çempionaty wagtynda ABŞ-ndaky stadionlaryň atlaryny üýtgeder

ABŞ-da futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlaryny kabul etjek Milli futbol ligasynyň (NFL) stadionlarynyň atlary wagtlaýynça üýtgediler....