Dünýäniň iň uly sfera binasy hiç ýere uçmazdan, «Aýyň ýüzünde gezelenç etmäge» çagyrar

  • 21.02.2026 14:17
  • 9.5k+

Moon World Resorts kompaniýasy «Moon» («Aý») atly täze taslamasyny hödürledi. Bu taslama dünýäniň iň uly sfera şekilli binasynyň gurluşygyny göz öňünde tutýar. Taslamanyň esasy maksady — binanyň içinde Aýyň ýüzünde gezelenç edýän ýaly duýgyny döredýän giňişlik döretmek.
Hödürlenen maglumatlara görä, gurluşynyň diametri 271 metre, beýikligi 312 metre deň bolan bina doly togalak görnüşde bolar. Hut şu aýratynlyk ony şeýle görnüşindäki binalaryň arasynda dünýäde iň uly we iň belent desga derejesine çykaryp biler.
Binanyň içinde 4000 otagly dynç alyş toplumyny we myhmanhanany ýerleşdirmek meýilleşdirilýär. Onuň aşaky gatynda kongres-merkezi, çäre geçirilýän meýdançalar, restoranlar we dynç alyş zolaklary bolar. Taslamanyň iň özboluşly tarapy bolsa, oňa gelýänleriň Aýyň üstüne meňzeş gurşawda gezelenç edip bilmeginde jemlenýär. Häzirlikçe onuň nähili usulda gurnaljagy mälim edilmeýär.
Taslamanyň anyk nirede amala aşyryljagy-da entek näbelli. Metbugat beýanatynda taslama üçin mümkin bolan ýurtlaryň arasynda Awstraliýa, Braziliýa, Hytaý, Müsür, Hindistan, Polşa, Ispaniýa, Tailand, ABŞ we Birleşen Arap Emirlikleri agzalýar. Resmi sanawa girmese-de, Saud Arabystanyna hem bu babatda potensial meýdança hökmünde seredilýär.
Kompaniýa ähli işler oňuna bolan ýagdaýynda toplumyň 2032-nji ýyla çenli açylyp biljekdigini mälim etdi. Häzirlikçe bolsa taslama konsepsiýa häsiýetine eýe bolmagynda galýar.


20.03.2026 12:36
5.6k+

Bir kilometr beýiklikdäki diňden ägirt kuba çenli: geljegiň bäş megadesgasy

Dürli yklymlarda täze megataslamalaryň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalar beýikligi, gerimi we tehnologiki çözgütleri boýunça dünýä rekordyny goýup bilerler. Jeddah Tower, Saud Arabystany Jeddah Tower diňi garaşylyşyna görä, takmynan, 2028-nji ýylda gurlup gutarylandan soň, dünýäde iň beýik gökdirän bolup biler...

14.03.2026 10:59
1.1k+

Smilýan Radiç Klark 2026-njy ýylyň Pritzker binagärlik baýragynyň eýesi boldy

Çilili Smilýan Radiç Klark 2026-njy ýylyň Pritzker binagärlik baýragynyň eýesi diýlip yglan edildi. Bu barada baýragyň resmi web sahypasynda habar berilýär. Köplenç binagärlik ugry boýunça Nobel baýragyna deňelýän bu baýraga Santýagoda ýaşaýan ussat binagär "ümsüm emosional manylylygy we ynsan tejribesine üns berýänligi" bilen tapawutlanýan taslamalary üçin mynasyp görüldi...

13.03.2026 18:39
4.1k+

Hindistandaky uniwersitet kampusy gadymy guýularyň äheňinde gurulýar

Sanjay Puri Architects studiýasy Hindistanyň Madhýa-Pradeş ştatyndaky Prestige University üçin okuw binasynyň taslamasyny hödürledi. 30 800 inedördül metr meýdany tutýan bäş gatly bina diagonal boýunça ýokary galyp, meýdançanyň demirgazyk böleginde 28 metr beýiklige ýeter...

13.03.2026 10:36
6.8k+

Dubaýda daşdan oýulyp ýasalana meňzeýän binaň taslamasy görkezildi

Şweýsariýanyň Herzog & de Meuron binagärlik firmasy Dubaý Halkara Maliýe Merkeziniň (DIFC) sebitinde gurulmagy meýilleşdirilýän Janu Dubai köpugurly gurluşyk taslamasy bilen tanyşdyrdy. Arhitektorlar töweregindäki aýnadan gökdirän binalary bilen deňeşdirilende düýpgöter tapawutly dizaýny teklip etdiler...