Bir kilometr beýiklikdäki diňden ägirt kuba çenli: geljegiň bäş megadesgasy

  • 20.03.2026 12:36
  • 5.7k+

Dürli yklymlarda täze megataslamalaryň gurluşygy dowam edýär. Bu desgalar beýikligi, gerimi we tehnologiki çözgütleri boýunça dünýä rekordyny goýup bilerler.

Jeddah Tower, Saud Arabystany

Jeddah Tower diňi garaşylyşyna görä, takmynan, 2028-nji ýylda gurlup gutarylandan soň, dünýäde iň beýik gökdirän bolup biler. Onuň çaklanylýan beýikligi takmynan 1000 metr bolup, Burj Halifanyňkydan 170 metrden gowrak beýikdir. Ol bir kilometrlik çäkden geçen ilkinji bina bolar.

Bu gökdirän "dik şäher" hökmünde göz öňüne getirilýär. Onuň 200-den gowrak gatynyň içinde ofisler, ýaşaýyş apartamentleri we bäş ýyldyzly myhmanhana ýerleşer. Taslama güýçli ýelleriň agramyny göterer ýaly we ýokary belentliklerde liftleriň işleýiş aýratynlyklary sebäpli çylşyrymly inženerlik çözgütleri talap edýär.

"Mukaab", Er-Riýad, Saud Arabystany

“Mukaab” dünýäde göwrümi boýunça iň uly bina bolar. Kub görnüşli desga, takmynan, 1,4 million inedördül metr meýdany tutar we bir üçegiň astyndaky tutuş şäher mähellesini emele getirmeli.

Bina Er-Riýadyň New Murabba etrabynyň merkezinde gurulýar. Gurluşygy 2030-njy ýylda, şäherde Expo Er-Riýad sergisiniň geçiriljek wagtyna gabatlap tamamlamak meýilleşdirilýär. Bu desganyň gerimi hatda Boeing Everett Factory zawodyndan hem geçer.

Burj Binghatti, Dubaý, BAE

Burj Binghatti gökdirän binasy dünýäde iň beýik ýaşaýyş jaýyna öwrülip biler. Onuň beýikliginiň takmynan 557 metre ýetmegine we Nýu-Ýork şäherindäki Central Park Tower-den hem ýokary bolmagyna garaşylýar.

Häzir gurluşyk işleri dowam edýär we ony 2026-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlamak meýilleşdirilýär. Süýnmek şekilli we bezeg täji bolan binanyň gurluşy onuň uly beýiklikde yraň atmazlygy üçin çylşyrymly çözgütleri talap edýär.

Atlassian Central, Awstraliýa

Atlassian Central-yň dünýäde iň beýik gibrid agaç diň bolmagyna garaşylýar. Gurluşykda gabaraly agaç, polat we beton ulanylýar, bu bolsa binanyň uglerod yzyny azaldýar.

Binanyň eýýäm ýarysy gurlup gutardy. Açylyşy 2026-njy ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär. Taslama ekologiýa taýdan arassa beýik jaýlaryň gurluşygy üçin nusga hasaplanýar.

Sagrada Familiýa, Barselona, Ispaniýa

Sagrada Familiýa ybadathanasynyň gurluşygy bir asyrdan gowrak wagt bäri dowam edýär we tamamlanyp barýar. Merkezi diň gurlup gutarylandan soň, ybadathananyň beýikligi, takmynan, 172,5 metr beýiklige ýetdi, bu ony dünýäde iň beýik ybadathana öwürdi.

Esasy gurluşyk işleri 2026-njy ýylda - binagär Antoni Gaudiniň aradan çykmagynyň ýüz ýyllygyna gabatlanyp tamamlandy. Şeýle-de bolsa, binanyň bezeg işleri bu seneden soň hem dowam edýär.


şu gün 10:59
236

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
4.8k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....

08.06.2026 12:39
6.7k+

Taýwanda boýy 27 gatly jaýa deňeçer Gündogar Aziýanyň iň belent agajy tapyldy

Alymlar Gündogar Aziýanyň iň belent agajynyň nirede ýerleşýändigini anyklamagy başardylar. «Asman gylyjy» diýen ady alan bu agajyň boýy 84,1 metre ýetýär. Munuň özi 27 gatly binanyň belentligi bilen deňdir....

08.06.2026 08:03
5k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....