Hytaýda gadymy wulkanlaryň arasynda täsin syýahatçylyk merkezi guruldy

  • 06.03.2026 20:39
  • 5.6k+

Binagärlik dünýäsiniň iň täze we gyzykly taslamalarynyň biri bolan «Volcano-In» syýahatçylyk merkezi Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitindäki Baýinkulun etrabynda gurlup gutaryldy. PLAT ASIA binagärlik edarasy tarapyndan döredilen bu desga «Sähra we wulkanlar» atly uly syýahatçylyk toplumynyň bir bölegi bolup durýar. Merkez takmynan 150 müň ýyllyk taryhy bolan we 100-e golaý gadymy krateri öz içine alýan äpet wulkan tekizliginde ýerleşýär.

Umumy meýdany 3532 inedördül metr bolan bu bina diňe bir owadan dizaýny bilen däl, eýsem daşky gurşawy goramaga gönükdirilen inženerçilik çözgütleri bilen hem parhlanýar. Binagärler topragyň eroziýasyny saklamak we tebigy gatlagy has-da dargamakdan goramak üçin polat binýatly gurluşy ulandylar. Bu bolsa binanyň ýer bilen galtaşygyny azaldyp, ony sütünleriň üstünde ýokary göterýär. Toplumyň üç sany tegelek göwrümi we ýumşak çyzykly üçekleri sähranyň güýçli ýelleriniň täsirini azaltmaga kömek edýär. Şeýle-de, gyşyna howanyň -40°C-ä çenli düşýän bu sebitinde binanyň energiýa tygşytlaýjy aýnalar we metal örtükler bilen goralmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Binanyň içki taslamasy açyk asman astyndaky howlynyň töwereginde jemlenendir. Onuň esasy geçelgesi binanyň gyrasy boýunça aýlanyp, merkezinde sergi galereýalaryny, kafeni, kitap dükanyny we restorany birleşdirýär. Girelgesiniň öňündäki meýdança we gaýalaryň düýbünde gurlan tomaşaçylar üçin niýetlenen köp gatly ýerler gelýän myhmanlar üçin zerur şertleri döredýär.

Gurluşykda ýerli materiallaryň we däp bolan usullaryň ulanylmagy bolsa merkeziň tebigat bilen sazlaşygyny has-da artdyrýar.

Bu täze desga geljekde hem syýahatçylyk, hem bilim maksatly çäreler üçin esasy merkez bolup hyzmat eder.


düýn 09:50
3.8k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
4.9k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
5.5k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......

22.06.2026 00:59
7.4k+

Hytaýda «hiç ýere gitmeýän kruizler» başlandy

Şanhaýda deňiz dynç alşynyň täsin görnüşi — «hiç ýere gitmeýän syýahatlar» ýola goýuldy. «Xinhua Net» agentliginiň habar bermegine görä, bu saparlarda gämi hiç bir porta girmän, üç günden soň ýene ýola çykan......