iDOGI kompaniýasynyň italýan binagärleri TDBGI-niň talyplary üçin leksiýa geçirdi

  • 13.02.2026 17:45
  • 1.5k+

Aşgabatda geçirilýän Italýan dizaýnynyň günleriniň çäginde «iDOGI» kompaniýasynyň wise-prezidenti Silwiýa Formenti we binagär Serjio Ferrandi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna (TDGI) bardy. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berilýär.
Myhmanlar talyplar üçin leksiýa geçirip, öz hünär işleri barada gürrüň berdi we tejribeleri bilen paýlaşdy. Olar kompaniýanyň binagärlik hem-de dizaýn taslamalaryny görkezip, olary durmuşa geçirmegiň aýratynlyklaryny we häzirkizaman dünýä tejribelerini düşündirdi. Leksiýanyň esasy böleginden soň, talyplar bilen gyzykly söhbetdeşlik guraldy we italýan hünärmenleri talyplaryň soraglaryna jogap berdi.
Soňra myhmanlar ýörite taýýarlanan sergini synlady. Sergide mugallymlaryň we talyplaryň ylmy-barlag hem-de taslama işleri, şol sanda institutyň täze binalar toplumynyň taslamasy tanyşdyryldy. Bu toplumyň gurluşygy häzirki wagtda çalt depginler bilen alnyp barylýar we täze binalaryň şu ýylyň sentýabr aýynda açylmagyna garaşylýar. Institutyň birnäçe işläp taýýarlamalary eýýäm Aşgabat şäherinde durmuşa geçirildi.
Italýan myhmanlaryna institutyň ekologiýa, serişdeleri rejeli peýdalanmak, energetika, himiýa tehnologiýalary, gurluşyk, binagärlik, seýsmologiýa we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ugurlary boýunça alyp barýan ylmy-barlag işleri barada maglumat berildi. Ylmy, bilimi we önümçiligi utgaşdyrmak maksady bilen, institutda IT ylmy-tehniki merkezi döredildi.
Taraplar ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy. Türkmen instituty eýýäm gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalaryň esasynda Wenesiýanyň Ka-Foskari uniwersiteti we Milanyň politehniki uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk edýär.


şu gün 18:58
836

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.6k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.6k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.6k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......