Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

  • şu gün 08:05
  • 733

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026» Uniwersiadasynda ýokary netijeleri görkezdi.

Türkmenistanyň talyplary bu intellektual bäsleşigiň lingwistika ugruna eýýäm dördünji gezek gatnaşyp, jemi 11 sany baýrakly orny — 3 sany birinji we 8 sany ikinji orny eýeledi.

Birinji orna mynasyp bolan talyplar:

  • Gunça Musaýewa — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 3-nji ýyl talyby;
  • Ýaran Hudaýberdiýew — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl magistranty;
  • Leýli Romanowa — Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Bäsleşikde ikinji orny eýelän talyplar:

  • Aýmaral Jumabaýewa, Leýli Durdyýewa we Kristina Semenowa (D.Azady adyndaky TMDDI);
  • Muhammet Nurmämmedow, Läle Rzagulyýewa, Züleýha Orazowa we Bägül Orazmyradowa (Magtymguly adyndaky TDU);
  • Kamila Hudaýbergenowa (Myrat Garryýew adyndaky Döwlet lukmançylyk uniwersiteti).

Iki tapgyrdan ybarat bolan bu bäsleşigiň saýlama tapgyrynda gatnaşyjylar lingwistika boýunça özbaşdak ylmy barlagyň tezisli beýannamasyny taýýarlady. Moskwada geçirilen jemleýji tapgyrda bolsa daşary ýurt dili boýunça lingwistik ýumuşlary ýerine ýetirdi. Rus, iňlis we fransuz dillerini ajaýyp bilýändiklerini görkezen türkmen talyplarynyň ýokary taýýarlygy çäräniň guramaçylary tarapyndan hem aýratyn bellenildi.

Bäsleşigiň finalynda ýurdumyza 5 sany ýokary okuw mekdebinden 29 talyp wekilçilik etdi. Olardan ybarat milli topara D.Azady adyndaky TMDDI-niň mugallymy Maýsa Ataýewa hem-de Magtymguly adyndaky TDU-nyň mugallymy Jennet Şamyýewa ýolbaşçylyk etdi.

Däp boýunça «Lingwistika», «Russiýanyň sebitlerini öwreniş», «Daşary ýurt sebitlerini öwreniş» we «Medeniýeti öwreniş» ýaly dört ugur boýunça geçirilýän Uniwersiada zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň hünär taýdan ösmeklerine ýardam bermek hem-de ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky özara gatnaşyklary berkitmek maksady bilen her ýyl dünýäniň dürli ýurtlaryndan bakalawrlary, magistrantlary, aspirantlary we ýaş hünärmenleri bir ýere jemleýär.


13.06.2026 18:59
4.8k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......

13.06.2026 16:18
1.2k+

Türkmenistanda Ylymlar güni mynasybetli iki günlük ylmy maslahat geçirilýär

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» ady bilen......

12.06.2026 18:12
6.7k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

12.06.2026 16:37
5.9k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......