Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdi we Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdi okaldy.
Çäräniň dowamynda, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanandygy hem-de oňa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk adynyň dakylandygy yglan edildi.
Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, ýurduň alymlarynyň 31-isine ylmy derejeler berildi. Olaryň alty sanysy ylymlaryň doktory, ýigrimi bäş sanysy bolsa ylymlaryň kandidaty diýen alymlyk derejelerine mynasyp boldy.
Şeýle hem, hyzmatdaş daşary ýurtlarda alnan alymlyk derejeleri baradaky resminamalar ykrar edildi: ylymlaryň doktory hakyndaky resminamalaryň 5-isi we ylymlaryň kandidaty hakyndaky resminamalaryň 6-sy.
Dabarada çykyş eden hünärmenler ýurtda ylmyň we bilimiň ösdürilmegi, halkara ylmy hyzmatdaşlygyň barha giňeldilmegi hem-de döwrebap innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy ugrunda alnyp barylýan işleriň ähmiýetini belledi. Ýokary derejeli diplomlary kabul eden alymlar bolsa, öz gezeginde, ylmy-gözleg işlerini mundan beýläk-de dowam etdirjekdiklerini we türkmen ylmynyň ösüşine goşant goşjakdyklaryny belledi.

