Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi.
Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Ýangiljon Palýazowa Moskwa politehniki uniwersitetiniň guramagynda geçirilen «Ylym suratlarda» atly ýubileý halkara surat bäsleşigine gatnaşdy. Ol «Ylymdaky adamlar» diýen ugur boýunça özüniň çeken suraty bilen birinji orna mynasyp boldy we ýörite diplom bilen sylaglandy.
Ösümlikçilik kafedrasynyň öwreniji mugallymy Esen Amankulyýew Moskwanyň «ALGORITM» ylym-bilim merkezi tarapyndan guralan «Ylymdaky üstünlik – 2026» atly ylmy-barlag işleriniň halkara bäsleşigine gatnaşdy. Şeýle-de, Kompýuter tehnologiýasy kafedrasynyň öwreniji mugallymy Wazira Ermetowa hem şol bäsleşige gatnaşyp, uly ýeňiş gazandy. Olar «Oba hojalyk ylymlary» hem-de «Ykdysasyýet ylymlary» ugry boýunça «Iň gowy tezis» nominasiýasynda birinji orunlary eýeledi.
Mugallymlaryň gazanan halkara üstünlikleri mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda dabaraly çäre geçirildi. Bu ýeňişler türkmen hünärmenleriniň ýokary hünär ussatlygynyň, ylmy we döredijilik ukybynyň, şeýle hem täze belentlikleri eýelemäge hem-de ýurduň abraýyny has-da beýgeltmäge bolan taýýarlygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.