S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde ýaşlaryň orny» atly ylmy taslama bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.
Şu ýylyň maý aýynda başlanan bu bäsleşige Türkmenistandan we dünýäniň 12 döwletinden (Azerbaýjan, Belarus, Russiýa, Gazagystan, Özbegistan, Hytaý, Türkiýe, Eýran, Pakistan, Bangladeş, Malaýziýa, Rumyniýa) ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan 150-ä golaý ylmy iş gelip gowuşdy. Olaryň arasyndan 45 taslama ikinji jemleýji tapgyra gatnaşdy.
Ýurdumyzyň Bilim, Oba hojalyk, Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň goldamagynda eýýäm dördünji gezek geçirilýän bu bäsleşikde jemi 28 sany ylmy taslamanyň awtory ýeňiji diýlip yglan edildi. Ýeňijileriň 20-si türkmen talyplary, 8-si bolsa daşary ýurtly talyplardyr.
Ýokary görkezijiler boýunça 5 taslama birinji orna, 9 taslama ikinji orna, 14 iş bolsa üçünji orna mynasyp boldy. Ýene-de 14 sany awtora ýörite höweslendiriji baýraklar berildi.
Ýeňijilere I, II we III derejeli diplomlar hem-de uniwersitet tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Sylaglamak dabarasynyň çäklerinde uniwersitetiň medeniýet merkezinde ýurdumyzda bioköpdürliligi goramak we daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrýan ýörite sergi guraldy, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň döredijilik topary tarapyndan taýýarlanan aýdym-sazly çykyşlar görkezildi.