Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

  • 01.06.2026 17:06
  • 3.1k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen «Täjigistan-2026» atly hünär başarnyklary boýunça halkara foruma gatnaşdy.

Bu forum ýaş hünärmenleriň iş başarnyklaryny görkezmek, hünär biliminiň hilini ýokarlandyrmak, zähmet bazarynyň talaplaryna laýyklykda işgärleriň taýýarlygyny kämilleşdirmek, şeýle hem sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen guraldy.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, gatnaşyjylar häzirki zaman hünär-tehniki bilim maksatnamalaryny, hünär başarnyklaryna baha bermegiň halkara tejribesini, bäsleşige ukyply hünärmenleri taýýarlamagy, okuw-önümçilik işlerini kämilleşdirmegi we iş berijiler bilen özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşdy. Energetika, gurluşyk, senagat, hyzmatlar ulgamy, ulag, logistika, döredijilik we dizaýn ugurlary üçin işgärleri taýýarlamaga aýratyn üns berildi.

Forumyň ilkinji gününde hünär bilimini ösdürmek we ýaşlaryň iş bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak meseleleri boýunça çykyşlar hem-de tejribe alyşmalar boldy. Şeýle hem gatnaşyjylar Nurek gidroelektrostansiýasyna baryp gördi we ol ýerde elektrotehnika, energetika, kebşirleme işi hem-de tehniki hyzmat ediş ugurlary boýunça alnan bilimleriň iş ýüzünde ulanylyşy bilen tanyşmaga mümkinçilik aldy.

Ikinji günde bolsa Täjigistandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Hytaýdan we Türkiýeden gelen ýaş hünärmenleriň arasynda halkara bäsleşikler geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar elektrotehniki işler, suwag işleri, elektrogaz kebşirleýiş we Gün energetikasynyň enjamlaryny gurnamak boýunça amaly tabşyryklary ýerine ýetirdi. Olaryň işine garaşsyz halkara bilermenler baha berdi.

Ýaryşyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Nepes Rahmanberdiýew ikinji orny eýeledi. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň talyby Ymamberdi Söhbetow bolsa bäsleşigiň iň güýçli dört gatnaşyjysynyň hataryna girmegi başardy.


şu gün 01:15
526

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......

19.06.2026 18:41
3.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.3k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

18.06.2026 14:00
4.2k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......