Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

  • düýn 18:41
  • 1.7k+

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik industriýalaryny ösdürmek boýunça halkara maslahata gatnaşdy.

Forumyň işine Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň hökümet baştutanlary we wekilleri gatnaşdy. Maslahata gatnaşyjylar umumy taryhy-medeni mirasy gorap saklamak, ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek we döwletara gepleşikleri giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdy.

Umumy mejlisiň çäklerinde medeniýet ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi, şeýle hem häzirki zaman şertlerinde hyzmatdaşlygyň döwrebap gurallary göz öňünde tutuldy. Aýratyn maslahatlar medeniýetara gepleşiklere, kinematografiýanyň, teatr sungatynyň, kitaphana we muzeý işiniň, aýdym-saz medeniýetiniň hem-de döredijilik biliminiň ösdürilmegine bagyşlandy.

Şeýle-de, maslahatda bilelikdäki taslamalary, medeni alyş-çalşyklary goldamak, kreatiw industriýalary we startaplary ösdürmek, şeýle hem eksport mümkinçiligi bolan medeni önümleri döretmek meseleleri hem maslahatlaşyldy.

Jumamyrat Gurbangeldiýew öz çykyşynda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk edýän döwründe medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň uly ähmiýete eýedigini aýratyn belledi.

Türkmen tarapy özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, medeni alyş-çalşyklary giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary goldamaga hem-de gatnaşyjy ýurtlaryň medeniýet, bilim edaralarynyň we döredijilik jemgyýetçilikleriniň arasyndaky hünär gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.


düýn 11:24
4.1k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

18.06.2026 14:00
3.9k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......

17.06.2026 09:44
2.1k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......

16.06.2026 14:46
4.2k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......