HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

  • 16.06.2026 14:46
  • 4.1k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş işini geçirýär.

Okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärleriň resminamalary 2026-njy ýylyň 16-21-nji iýuny aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde kabul edilýär.

Resminamalary binýatlyk bilimi umumy orta bilimden pes bolmadyk, 18 ýaşy dolýan we 25 ýaşdan geçmeýän hem-de iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary tabşyryp biler. Okuwa tabşyrmak üçin gerekli resminamalaryň sanawy we goşmaça maglumatlar Bilim ministrliginiň saýtynda elýeterlidir. Resmi iş kagyzlarynyň terjimeleri iňlis dilinde bolmaly.

Okadyljak hünärler, okuwa kabul etmegiň sany we şertleri baradaky maglumatlary bolsa kabul ediş toparyndan alyp bolýar.

Dalaşgärler resminamalar bilen birlikde şahsy pasportyny, daşary ýurt pasportyny, harby şahadatnamasyny ýa-da harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny kabul ediş toparyna görkezmeli we nusgalaryny tabşyrmalydyr. Nädogry we galp maglumatlar üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Kabul edilen resminamalaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan dalaşgärler bilen 2026-njy ýylyň 23-nji iýunynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde umumybilim berýän dersler boýunça seçip alyş söhbetdeşligi geçiriler.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:

  • Aşgabat ş., 1958-nji (Andalyp) köçesi, 169,
  • tel.: (+993 12) 39-85-62, 39-85-25
  • elektron salgysy: admissionihd@gmail.com

düýn 14:00
2.9k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......

17.06.2026 09:44
2k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......

16.06.2026 08:05
4.3k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.1k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......