Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan her ýyl guralýan bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdy.
Dabaranyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň bäsleşigiň ýeňijilerine iberen Gutlagy diňlenildi.
Şu ýyl ylmy bäsleşige düýpli we amaly ylym bilen meşgullanmaga höwesli ýaş alymlaryň, talyplaryň, mugallymlaryň hem-de dürli hünärdäki ýaşlaryň 1 müň 500-den gowragy gatnaşdy. Ýaşlar öz ylmy işlerini we taslamalaryny nanotehnologiýalar we energetika, biotehnologiýa we oba hojalygy, maglumat-aragatnaşyk ulgamlary we kompýuter tehnologiýalary, häzirki zaman lukmançylygy we derman önümçiligi, innowasion ykdysadyýet hem-de ynsanperwer ylymlary ýaly alty sany esasy ugur boýunça hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, bäsleşige gatnaşan ýaşlaryň 170-isi ýeňiji diýlip yglan edildi. Olara döwlet Baştutanynyň adyndan şahadatnamalar hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri ýaş nesillere döredilýän giň mümkinçilikler we amatly şertler üçin ýurduň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdi. Dabaranyň ahyrynda döwlet Baştutanynyň adyna Ýüzlenme kabul edildi. Çäre sungat ussatlarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň döredijilik toparlarynyň taýýarlan baýramçylyk çykyşlary bilen jemlendi.