Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça akademikligine saýlanyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Çözgüt kabul edilende döwlet Baştutanynyň ýurtda halkyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak, ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürmek ugrundaky çäreleri nazara alyndy. Şeýle hem täze öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýete we önümçilige ornaşdyrmak, ylymly-bilimli ýaş nesilleri kemala getirmek, Türkmenistanyň dünýädäki ykdysady ornuny berkitmek hem-de halkara giňişlikde parahatçylyk, dost-doganlyk syýasatyny has-da pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan işlerine ýokary baha berildi.