Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu forum utgaşykly görnüşde guraldy.
Halkara çärä dünýäniň 22 döwletinden, şol sanda Russiýadan, Belarusdan, Özbegistandan, Türkiýeden, Ýaponiýadan, Hytaýdan, Wengriýadan, ABŞ-dan, Awstriýadan, Şwesiýadan, Finlýandiýadan, Awstraliýadan, Indoneziýadan we beýleki ýurtlardan 50-den gowrak ýokary okuw mekdebiniň hem-de ylmy-gözleg institutynyň hünärmenleri, alymlary, professorlary we mugallymlary gatnaşdy.
Maslahatyň dabaraly bölegi uniwersitetiň döredijilik toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlary hem-de milli tagamlar bilen türkmen halkynyň myhmansöýerlik däpleriniň görkezilmegi bilen utgaşdy.
Gelen myhmanlar üçin innowasion tehnologiýalaryň sergisi guraldy. Onda talyplaryň we mugallymlaryň aşakdaky ugurlar boýunça taýýarlan ylmy-gözleg taslamalary tanyşdyryldy:
- Emeli aň we kiberhowpsuzlyk;
- Sanly we akylly tehnologiýalar;
- Himiýa tehnologiýalary, lukmançylyk, biotehnologiýalar, genetika we bioinženeriýa;
- Innowasion ykdysadyýet we tehnologik telekeçilik.
Umumy mejlisde çykyş edenler ylym, bilim we ykdysadyýetiň dürli ugurlaryna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýerli kärhanalaryň binýadynda bio-, nano- we maglumat ulgamlaryny ösdürmek meselelerine degip geçdi. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebiniň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň 25-isi bilen şertnamalary bar.
Geçirilen maslahatyň çäginde uniwersitetiň halkara hyzmatdaşlygynyň gerimi täze ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň 5-isi bilen giňeldildi:
- Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Dohanyň ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Katar) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Malaýziýanyň Tenaga milli uniwersitetiniň arasynda talyp alyş-çalşygy we mobillik maksatnamasy hakynda Ylalaşyk;
- Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen «METABIO Biotechnology» kompaniýasynyň (Türkiýe) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Şanhaý ylym we tehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
- Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Hytaýyň Çanan uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
Forumyň iş maksatnamasy üç ýöriteleşdirilen ugurdan ybarat boldy:
- «Ylmy integrasiýa: tebigy we takyk ylymlarda ösüş»;
- «Nazaryýet we seljerme: ylmy pikirlenişe täze çemeleşmeler»;
- «Sanly tehnologiýalar: innowasiýa we akylly ulgamlaryň ösüşi».
Duşuşyklaryň netijeleri boýunça, oňa gatnaşyjylar döwrebap bilim usullaryny durmuşa geçirmegiň amaly tejribeleri we özleriniň soňky ylmy-gözleg işleriniň netijeleri barada pikir alyşdy.


