Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

  • 02.06.2026 20:35
  • 4k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu innowasion bäsleşige ýurdumyzyň ähli sebitlerinden tehnologiýa we innowasiýa gyzyklanma bildirýän ýaşlaryň 140-a golaýy gatnaşdy.

Bäsleşik jemi bäş sany esasy ugur boýunça geçirildi.

  • «Päsgelçilikli tizlikli ýaryş» ugrunda Mary welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Gülälek Gurbannazarowa birinji orna mynasyp boldy.
  • «Robot biatlon» ugrunda bolsa Aşgabat şäherindäki «Imdatbot» okuw merkezinden Emir Kulyýew bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
  • «Robot bouling» bäsleşiginde iň ýokary görkezijini paýtagtymyzyň «Kämil bilim» merkeziniň diňleýjisi Abduljelil Patyşagulyýew gazanmagy başardy.
  • «Robot reýs» ugry boýunça geçen bäsleşikde A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus bilelikdäki umumybilim berýän mekdebiniň okuwçysy Alyhan Akgaýew ýeňiş gazandy.
  • Mundan başga-da, «Täsin robot» atly döredijilik ugrunda ýene-de 10 sany gatnaşyja ýörite baýraklar gowşuryldy.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

«Şeýle bäsleşikler ýaşlaryň bilim derejesini ýokarlandyrmaga uly ýardam edýär. Çünki bu ýerdäki iň ýönekeý iş hem mehanikany, fizikany, elektrotehnikany, matematikany we informatikany bilmegi talap edýär. Ýaşlarymyzyň innowasion taslamalary bolsa olaryň bu ugurlary amalyýetde utgaşdyryp bilýändiklerini görkezýär» – diýip, bäsleşigiň eminler toparynyň agzasy Söhbetmyrat Bäşow belledi.

Çäre Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Kuwwat» aýdym-saz toparynyň şowhunly çykyşlary bilen tamamlandy. Gatnaşyjylar we guramaçylar ýaşlara döwrebap bilim almaga döredip berýän şertleri üçin ýurt ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.


düýn 14:31
3.6k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

düýn 01:15
3.7k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......

19.06.2026 18:41
3.5k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......