Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy hökmünde ykrar edildi.
Mekdebiniň berýän maglumatlaryna görä, Pruitt özüni çäklendirmezlik kararyna gelip, tutuş ýurt boýunça 270 sany okuw mekdebine resminamalaryny tabşyrypdyr. Diňe alty sany ýokary okuw mekdebi, şol sanda Patrigiň arzuwyndaky Çyrmaşyk ligasyna (Ivy League) degişli Dartmut kolleji ony okuwa kabul etmekden ýüz dönderipdir.
Pruitt Kollej geňeşiniň göni okuwa kabul etmek maksatnamasynda hasaba durupdyr. Bu ulgamda kollejler we uniwersitetler okuwçylaryň akademiki görkezijilerine esaslanyp, olara göni okuw tekliplerini hödürleýärler. Patrik birbada birnäçe ýokary okuw mekdebine tiz resminama tabşyrmak üçin ýörite mobil goşundydan hem peýdalanypdyr. People žurnalynyň ýazmagyna görä, ony has köp ekologiýa ugurlary boýunça hünär berýän okuw mekdepleri gyzyklandyrypdyr.
Mekdepde okan ýyllarynda ol öz synpynyň iň gowy okuwçylarynyň ilkinji on göteriminiň (10%) hataryna girmegi başarypdyr, mekdep meýilnamasy bilen bir wagtda uniwersitet derslerini hem öwrenipdir, kross we ýeňil atletika bilen meşgullanypdyr, şeýle hem Henri okrugynyň Suw üpjünçiligi müdiriýetinde tejribeçilik geçipdir.
Köp sanly teklipleri alandan soň, Pruitt Illinoýs ştatyndaky hususy Noks kollejini saýlady. Bu okuw mekdebi oňa dört ýyllyk okuwyň dowamynda ulanmak üçin 260 müň dollar möçberinde pul kömegini berdi. Şeýlelikde, Pruittiň özi her okuw ýarym ýyly üçin takmynan bäş müň dollar töleg tölemeli bolar. Uçurym bilim harajatlaryny has-da azaltmak üçin goşmaça talyp haklaryna dalaşgär bolmagy hem meýilleşdirýär.