Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

  • şu gün 01:15
  • 335

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň ýokary okuw mekdepleri eýeleýär, ýöne gözlegiň awtorlary Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleriniň orunlarynyň görnetin ýokarlanandygyny belleýär.

Massaçusets tehnologiýa instituty eýýäm on bäşinji ýyl yzygiderli reýtingiň birinji ornuny saklap gelýär.

Ilkinji onlugyň düzümi geçen ýyl bilen deňeşdirilende üýtgemedi. Ikinji orny Stenford uniwersiteti bilen Londonyň Imperial kolleji paýlaşdy. Ondan soňky orunlarda bolsa Oksford uniwersiteti, Garward uniwersiteti, Kembrij uniwersiteti, Kaliforniýa tehnologiýa instituty, Sýurihiň Şweýsariýa ýokary tehniki mekdebi, Londonyň Uniwersitet kolleji we Singapuryň Milli uniwersiteti ýerleşýär.

Bu gezekki reýtinge jemi 1504 sany uniwersitet girdi. QS bu sanawy 2004-nji ýyldan bäri neşir edip gelýär we okuw mekdeplerini akademiki abraý, iş berijileriň pikiri, mugallymlaryň we talyplaryň sanynyň özara gatnaşygy, halkara hyzmatdaşlyk, daşary ýurtly talyplaryň paýy hem-de ylmy makalalara salgylanma derejesi ýaly birnäçe görkezijiler boýunça bahalandyrýar.

Analitikler ABŞ-nyň liderligini saklap galandygyna garamazdan, Aziýanyň uniwersitetleriniň barha möhüm rol oýnap başlandygyny belleýär. Ilkinji ýigrimilige Gonkong uniwersiteti, Singapuryň Nanýan tehnologiýa uniwersiteti, Pekin uniwersiteti, Sinhua uniwersiteti we Gonkongyň Hytaý uniwersiteti girdi. Hindistanyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda bolsa iň gowy netijäni Deliniň Hindi tehnologiýa instituty görkezip, ol 118-nji orny eýeledi.

Reýtingiň awtorlary Ýakyn Gündogaryň uniwersitetlerine aýratyn üns berdi. QS-iň maglumatlaryna görä, arap sebiti örän uly ösüş görkezdi: sebitiň öňdebaryjy dört uniwersiteti rekord netijeleri gazandy. Olaryň arasynda Saud Arabystanyndan Patyşa Fahd adyndaky nebit we minerallar uniwersiteti (63-nji orun) hem-de Patyşa Saudyň uniwersiteti (107-nji orun), Katar uniwersiteti (109-njy orun) we Birleşen Arap Emirliklerindäki Halifa uniwersiteti (147-nji orun) bar.

Analitikler bu netijeleri sebitiň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä derejesinde bäsdeşlige ukyplylygynyň barha artýandygynyň subutnamasy diýip hasaplaýarlar.


19.06.2026 18:41
3.2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.3k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

18.06.2026 14:00
4.2k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......

17.06.2026 09:44
2.2k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......