Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

  • 17.06.2026 09:44
  • 2k+

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça togtadyldy.

South China Morning Post neşiriniň ýazmagyna görä, olaryň ýerine häzirki zaman tehnologiýalary we zähmet bazarynyň talaplary bilen baglanyşykly 10,2 müňe golaý täze ugurlar açyldy.

Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň maglumatlarynda bu üýtgeşmeleriň uniwersitet maksatnamalarynyň 30%-den gowragyna täsir edendigi aýdylýar. Iň uly gysgaltmalar ynsanperwer ylymlarynda (filologiýa, taryh we ş.m.), sungatda, daşary ýurt dillerinde hem-de dolandyryş (menejment) ugurlarynda boldy. Emeli aňyň we awtomatlaşdyrmagyň ösmegi bilen, bu hünärler boýunça uçurymlaryň sanynyň aşa köpdügi hem-de olara islegiň azalýandygy bellenilýär.

Alnyp barylýan özgertme ýokary bilimi ykdysadyýetiň tehnologik ösüşine uýgunlaşdyrmaga gönükdirilendir. Şol bir wagtyň özünde Hytaýyň uniwersitetleri döwlet üçin iň zerur bolan pudaklara hünärmenleri taýýarlamagy giňeldýärler.

Mysal üçin, eýýäm dokuz sany ýokary okuw jaýy «janlandyrylan emeli aň» (embodied EA) — ýagny emeli aňy önümçilik we inženerçilik ulgamlaryna ornaşdyrmak ugrur boýunça täze hünärleri açdy.

Bu özgertmeleriň çaltlandyrylmagyna ýaşlaryň arasyndaky işsizlik derejesiniň 16%-den geçmegi hem goşmaça sebäp boldy. Şeýle ýagdaýda häkimiýetler okuw maksatnamalaryny zähmet bazarynyň hakyky isleglerine laýyk getirmäge çalyşýarlar.


şu gün 11:24
2k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

düýn 14:00
3.6k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......

16.06.2026 14:46
4.1k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.3k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......