Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli şahadatnamalara eýe boldy. Bu barada Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.
Akkreditasiýa ulgamy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan 2024-nji ýylyň fewralynda tassyklanan «Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy hakynda Düzgünnama» esasynda ýola goýuldy. 2026-njy ýylda ulgam doly güýjünde işe girizildi.
Akkreditasiýadan geçmek üçin dürli derejelerdäki sekiz sany bilim edarasy ýüz tutdy. Bilermenler tarapyndan geçirilen seljermeleriň netijelerinden soňra aşakdaky bilim edaralary şahadatnama aldy:
- Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebi,
- 29-njy orta mekdep,
- Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebi,
- Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi,
- Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty,
- Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty.
Döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama bäş ýyl möhlet bilen berilýär. Bilim ministrliginde bellenilişi ýaly, bu resminama «ahyrky nokat däl-de, hili yzygiderli ýokarlandyrmagyň täze borçnamasydyr».
Dabarada çykyş eden ministrligiň ýolbaşçylary ýygnananlary ýurduň ylym-bilim ulgamynda gazanylan bu üstünlikler bilen gutlady.