Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

  • şu gün 11:24
  • 2.3k+

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Ýylyň talyby» döwlet bäsleşiginiň baş baýragyna mynasyp boldy.

Bu ýyl bäsleşigiň jemleýji tapgyry 15-16-njy iýunda geçirildi we onda Daniýar ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän zehinli ýaşlaryň arasynda iň ýokary netijäni görkezip, «Ýylyň talyby — 2026» diýen abraýly ady aldy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gatnaşyjylaryň ylmy-döredijilik işleri, halkara olimpiadalarda we sport ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri, jemgyýetçilik çärelerine gatnaşyklary hem-de KHBS-däki çykyşlary kesgitlenen utuklar ulgamy boýunça bahalandyryldy. Jemleýji tapgyrda bolsa bäsleşige gatnaşyjylara jemgyýetçilik durmuşyny öwreniş, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary we iňlis dili boýunça ýörite test sowallary hödürlendi.

Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňiji bolan Daniýar Emirkulyýew we baýrakly orunlary eýelän beýleki talyplar bäsleşigi guraýjylar — Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi tarapyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy.

Bu döwlet bäsleşiginiň esasy maksady takyk we ynsanperwer ylymlary gowy bilýän, sanly tehnologiýalardan hem-de daşary ýurt dillerinden erkin baş çykarýan zehinli talyplary ýüze çykarmakdan we goldamakdan ybaratdyr. 


düýn 14:00
3.6k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......

17.06.2026 09:44
2.1k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......

16.06.2026 14:46
4.1k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......

16.06.2026 08:05
4.3k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......