Ýaponiýada mekdep okuwçylary üçin «okuw rugsady» girizildi

  • 10.06.2026 07:32
  • 3.6k+

Ýaponiýanyň Okinawa prefekturasynda köp mekdepler okuwçylara maşgalasy bilen wagt geçirmekleri üçin ýylda birnäçe gün «okuw rugsadyny» almaga rugsat berýän maksatnamany ornaşdyryp başlady. Bu barada «The Japan Times» gazeti habar berýär.

Neşir tarapyndan ýakynda geçirilen pikir soraşmalaryň netijelerine görä, eýýäm 15 sany häkimlik mekdeplerde şeýle ulgamy girizdi. Bu maksatnama «öwrenmek» we «dynç alyş» sözleriniň birleşmeginden dörän «learncation» diýen ady aldy. Ulgamyň kömegi bilen okuwçylara mekdep žurnalynda «gelmedi» diýip ýazgy galdyrylmazdan, sapaklary sypdyrmaga resmi rugsat berilýär.

Şeýle ulgam ilkinji gezek 2023-nji ýylda Aýti prefekturasynda girizilipdi. Ol ýerde okuwçylar ýylda üç güne çenli dynç alyş günlerini alyp bilýär.

Taketomi şäherinde bolsa bu täze düzgün şu ýylyň aprel aýynda kabul edildi we rugsat berilýän günleriň sany bäşe çenli köpeldildi. Ýylyň ahyryna çenli bu maksatnamany jemi 41 sany häkimlikde ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Gazetiň ýazmagyna görä, bu täzelik köp sanly ene-atalar üçin hakyky halasgär boldy. Mysal üçin, 38 ýaşly Tomona Miýahira gyşda maşgala dynç alşyny gurnamak üçin her ýyl şu ulgamdan peýdalanýar.

«Meniň ýoldaşym daýwing bilen meşgullanýar we adamlary kabul edýän myhman öýüni dolandyrýar. Şonuň üçin mekdeplerde resmi "Altyn hepde" dynç alyş günleri başlananda, biz adadan hiç ýere çykyp bilmeýäris. Hatda başlangyç mekdepde okaýan iki çagamyzyň tomusky dynç alyş günlerinde hem biziň işden rugsada çykmaga mümkinçiligimiz bolmaýar» – diýip, ene-atalaryň biri paýlaşýar.


28.06.2026 23:39
3.8k+

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

28.06.2026 10:02
2.1k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2.1k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.2k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......