Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri gazanan 10 sany türkmen talyby we mekdep okuwçysy bu baýragyň eýesi boldy.
Çärä gatnaşyjylaryň öňünde HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Szi Şumin gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol baýrak alanlary gutlap, türkmen ýaşlarynyň hytaý diline we medeniýetine bolan gyzyklanmasynyň bilim ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýandygyny belledi.
«Biziň öňümizde hakykatdan hem örän zehinli talyplar we mekdep okuwçylary dur, olar eýýäm uzak wagtdan bäri uly yhlas bilen hytaý dilini öwrenip gelýär. Olaryň Hytaýa, onuň diline we medeniýetine bolan gyzyklanmasy bizi begendirýär» – diýip, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysy aýtdy.
Diplomatyň sözlerine görä, häzirki wagtda Hytaýyň uniwersitetlerinde 10 müňden gowrak Türkmenistanyň raýaty bilim alýar, Türkmenistanda bolsa hytaýly talyplaryň sany kem-kemden artýar. Ol akademiki alyş-çalşyň iki ýurduň arasyndaky ýokary ynam derejesini görkezýändigini we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin mümkinçilikleri döredýändigini nygtady.
Şeýle-de, ilçi bilim gatnaşyklarynyň ösmegine ýokary döwlet derejesindäki özara gatnaşyklaryň ýardam edýändigini belledi. Hususan-da, ol Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mart ayýnda Hytaýa amala aşyran saparyny ýatlap geçdi, şol saparyň barşynda HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada ylalaşyklar gazanylypdy.
Szi Şumin bilelikdäki bilim taslamalaryny goldandygy üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine we Bilim ministrligine minnetdarlyk bildirdi, şeýle hem mugallymlara bitiren işleri üçin hoşallygyny aýtdy.
Dabaranyň ahyrynda ol baýraga mynasyp bolanlara okuwlarynda üstünlikleri we rowaçlyklary arzuw etdi.