Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy.
Bäsleşigiň guramaçylary hökmünde Gazagystanyň «Parasat» milli bilim we innowasiýa merkezi hem-de «Жаңа Қазақстан» respublikan innowasiýa merkezi çykyş edýär. Bu taslama GDA ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny bir ýere jemleýär.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Kadyrberdi Artykow I derejeli diplom, «GDA-nyň iň gowy talyby» döş nyşany we ýörite şahadatnama bilen sylaglandy.
Emin agzalar talybyň ylmy taýdan taýýarlyk derejesine, döredijilik işjeňligine we GDA ýurtlarynyň ýaşlar syýasatynyň ösmegine goşan goşandyna ýokary baha berdi. Bäsleşigiň guramaçylyk komitetiniň başlygy, «Жаңа Қазақстан» merkeziniň direktory B.N.Salimgereýew talybyň ylmy ýolbaşçysyna bilim we ylym ulgamynyň ösmegine goşan goşandy üçin aýratyn minnetdarlyk bildirdi.
Bu bäsleşik her ýyl yzygiderli guralyp, ol zehinli ýaşlary goldamaga, talyplaryň ylmy we jemgyýetçilik işjeňligini ösdürmäge, şeýle hem GDA ýurtlaryndan gelen gatnaşyjylaryň arasynda tejribe alyşmaga gönükdirilendir.