Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

  • düýn 20:41
  • 1.2k+

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň saýtynda habar berilýär.

Söhbetdeşligiň barşynda iki döwletiň arasynda bilim, ylym we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar özara dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belledi. Duşuşykda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara gatnaşyklary giňeltmek, tejribe alyşmak we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça bar bolan mümkinçilikler barada netijeli pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hem-de iki ýurduň bilim ulgamyndaky gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga doly taýýardyklaryny tassyklady.


25.06.2026 19:18
3.5k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

22.06.2026 14:31
5.9k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

22.06.2026 01:15
4.5k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......