Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy. Bu barada TDH habar berýär.
Bu çözgüt Alymlar geňeşiniň güwänamalarynyň hem-de Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň gumanitar, ykdysadyýet, hukuk we sosiologiýa ylymlary boýunça geçirilen geňeşleriniň netijenamalaryna esaslanyp amala aşyryldy.
Bu ýokary alymlyk adynyň berilmeginde Döwlet Baştutanynyň ýurtda ýokary taýýarlykly hünärmenleriň we alymlaryň täze neslini kemala getirmek, ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak ugrundaky tagallalary nazara alyndy. Şeýle hem milli we bütin adamzat bähbitli ylmy-önümçilik, innowasion-senagat, durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmek, parahatçylyk söýüjilikli içeri we daşary syýasaty amala aşyrmak hem-de halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda bitiren ägirt uly işleri we häzirki zaman ylmyna goşýan goşandy bellenilip geçildi.