Şanhaýda ynsanpisint robotlar üçin mekdep açylýar

  • 30.05.2026 19:43
  • 1.7k+

2026-njy ýylyň iýul aýynda Şanhaýyň ýokary tehnologiýaly Žanszýan sebitinde meýdany 5000 inedördül metrlik innowasion tälim merkezi açylar. Bu merkez dürli öndürijileriň robotlaryny bilelikde okatmak we türgenleşdirmek üçin niýetlenendir.

​New Atlas neşiriniň berýän maglumatyna görä, taslamanyň maksady, ynsanpisint robotlaryň senagat, lukmançylyk we öý hojalygy pudaklaryna ornaşdyrylmagyny tizleşdirmek üçin ägirt uly amaly maglumatlar binýadyny ýygnamakdan ybaratdyr.

​Merkeziň ilkinji okuw tapgyryna Hytaýyň on sany öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýasynyň 100-den gowrak gumanoid roboty kabul edildi.

​Okatmak maksatnamasy türgenleşdirijiniň (adamyň) dilden berýän buýruklaryny robotlaryň özbaşdak ýerine ýetirmegine esaslanýar. Androidler 45 sany esasy başlangyç endigi, şol sanda goşlary galdyrmagy, tutmagy, ýerleşdirmegi we daşamagy kämilleşdirip, awtomat derejesine ýetirmelidirler. Tälim meýilnamasyna 10 sany çylşyrymly ugur, şol sanda otaglary arassalamak, harytlary tekjelere düzmek we geýim-gejimleri eplemek ýaly işler girizildi. Bu amal ýokary ünsi talap edýär, şonuň üçin alymlar bir hereketiň ýerine ýetirilişine günde 600 gezege çenli gözegçilik etmeli bolarlar.

​Merkeziň baş wezipesi kämil sanly modeli kemala getirmek üçin her gün takmynan 50 müň maglumat nokadyny döretmekden ybaratdyr. Bu bolsa ýylda 10 million birlik okuw maglumatyny üpjün eder.

​Bu meýdançanyň baş müdiri Sýu Bin:

— Biz bu merkezi maglumatlaryň uly göwrümli çalşygyny we olaryň bilelikde ulanylmagyny üpjün etmek üçin döretdik. Bu bolsa tutuş robot önümçiligine güýçli itergi berer — diýmek bilen, taslamanyň öňde goýan maksatlaryny düşündirýär.

​Öndürijiler öz robotlaryny belli bir kärlere tiz uýgunlaşdyrmak üçin bu umumy maglumatlar bazasyndan mugt peýdalanyp bilerler.


düýn 18:41
2.1k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

düýn 11:24
4.3k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

18.06.2026 14:00
3.9k+

Türkmenistanda 6 bilim edarasy döwlet akkreditasiýasy hakynda şahadatnama aldy

Aşgabatda döwlet akkreditasiýasyndan üstünlikli geçen bilim edaralaryna şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy. Birinji akkreditasiýa möwsüminiň jemleri boýunça alty sany bilim edarasy degişli......

17.06.2026 09:44
2.1k+

Hytaý ýokary okuw jaýlary ynsanperwer ugurlardan köpçülikleýin ýüz öwürýärler: olaryň ýerini EA eýelär

Hytaýda ýokary bilim ulgamynyň giň gerimli özgertmeleri dowam edýär. Şoňa laýyklykda, 2021-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli bolan döwürde ýurtda bakalawr maksatnamalarynyň 12,2 müňüsi ýatyryldy ýa-da wagtlaýynça......