Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

  • 02.06.2026 19:33
  • 6.8k+

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär.

Bahalaryň ösmeginde iň ýokary görkezijiniň biri MIFI Milli ýadro gözleg uniwersitetinde hasaba alyndy, bu ýerde okuwyň ortaça bahasy 32,2% ýokarlandy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji 2024-nji ýylda 6,6%-e, 2025-nji ýylda bolsa 15,6%-e barabardy.

Kabul ediş toparynyň jogapkär sekretarynyň orunbasary Alekseý Ýegorow bahalaryň ýokarlanmagyny ýadro fizikasy boýunça bilim maksatnamalarynyň gymmatlamagy bilen düşündirdi. Maglumat tehnologiýalary bilen baglanyşykly ugurlarda bolsa bahanyň ösüşi ep-esli pes boldy.

Russiýanyň Halk hojalygy we döwlet gullugy akademiýasynda okuwyň ortaça bahasy 12,7% ýokarlandy, şol bir wagtda tölegli ýerleriň sany 21,8% azaldyldy. Düzgünleşdirilýän ugurlarda bahalar 12,6% galdy. Iň uly ýokarlanma «Biznes dolandyryş» we «Taslamalary dolandyryş» maksatnamalarynda bellenilip, ol ýerde okuw tölegi 25% gymmatlady.

Bahalaryň ýokarlanmagy sebitlerdäki ýokary okuw mekdeplerinde hem ýüze çykdy. Kuban döwlet uniwersitetinde ähli bilim maksatnamalarynyň bahasy galdy, iň uly ösüş bolsa «Hukuk öwreniş» ugruna degişli bolup, baha 33% ýokarlandy. Korolýow adyndaky Samara uniwersitetinde ortaça ösüş 15%-e, aýratyn hünärlerde bolsa 22%-e ýetdi. Nowosibirsk döwlet tehniki uniwersitetinde okuw tölegleri, takmynan, 14% ýokarlandy.

Şeýle-de, Ylym we ýokary bilim ministrligi taýýarlyk ugurlarynyň 40-ysy boýunça tölegli ýerleriň sanyny 47 müň birlik azaltmagy meýilleşdirýär. Ministrlik munuň sebäbini öň uniwersitetleriň tölegli esasda çäksiz diýen ýaly talyp kabul edip bilendigi bilen düşündirýär. Iň uly azaltma geljekki hukukçylaryň (17,9%), dolandyryjylaryň (17,1%) we ykdysatçylaryň (15,6%) ýerlerine degişlidir. Bu hünärler boýunça okuwyň bahasy 10,9% ýokarlandy, bu bolsa ýurt boýunça ortaça görkezijä ýakyndyr.


düýn 14:31
3.7k+

Amerikaly uçurym 264 kolleje okuwa girdi we $17 mln möçberinde talyp haky gazandy

Amerikanyň Jorjiýa ştatyndaky mekdep uçurymy Patrik Pruitt 264 sany kolleje we uniwersitete okuwa kabul edilip, jemi 17 million dollardan gowrak talyp haky tekliplerini aldy. Bu görkeziji ýurduň milli rekordy......

düýn 01:15
3.8k+

Aziýanyň we Ýakyn Gündogaryň uniwersitetleri iň gowularyň reýtinginde orunlaryny güýçlendirdi

Britaniýanyň Quacquarelli Symonds (QS) kompaniýasy dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň QS World University Rankings 2027 reýtingini neşir etdi. Sanawda öňdebaryjy orunlary öňküsi ýaly ABŞ-nyň we Beýik......

19.06.2026 18:41
3.5k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.5k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......