Gyzylyň gymmat wagtynda Dubaý altyndan köçe gurýar

  • 30.01.2026 13:09
  • 14k+

Dubaýyň häkimiýetleri sözüň göni manysynda altyn köçäni gurmak hakda meýilnamalarynyň bardygyny habar berdiler. Bu barada Euronews teleýaýlymy mälim edýär.
Köçäniň gurluşygynda altyn ulanyljakdygy wada berilýär, emma anyk nähili usul bilen ulanyljagy entek doly belli däl. Bu köçe Dubaýyň häzirki hereket edýän Altyn bazarynyň täze brendi bolan Dubai Gold District (Dubaýyň altyn etraby) taslamasynyň bir bölegine öwrüler.
Deýra sebitinde ýerleşýän bu etrap altyn şaý-sepleri satýan müňe golaý söwda nokatlaryny birleşdirýär. Altyn köçäniň açyljak senesi häzirlikçe aýdylmaýar.
«Altyn Dubaýyň medeni we işewürlik durmuşyna çuňňur ornaşandyr, ol biziň mirasymyzy, rowaçlygymyzy we üýtgewsiz telekeçilik ruhumyzy alamatlandyrýar. <…> Biz bu ähmiýetli ýeri döretmek arkaly, diňe bir şol mirasy nygtamak bilen çäklenmän, eýsem ony döredijilik we durnukly ösüş bilen kesgitlenýän täze döwür üçin gaýtadan özboluşly dizaýn edýäris» diýip, Dubai Festivals and Retail Establishment (DFRE) guramasynyň baş direktory Ahmed Al-Haja täzelik hakynda gürrüň berýär.
Dubaý dünýäde iň beýik bina bolan Burj Halifa we iň uly attraksion hasaplanýan Ain Dubai ýaly ägirt binagärlik taslamalary bilen hem meşhurdyr. Ýakynda şäherde beýikligi 377 metre ýetýän dünýäniň iň beýik myhmanhanasy Ciel Dubai Marina-nyň açylmagy-da bu aýdylanlara mysaldyr.


16.04.2026 10:56
3.7k+

2,6 mln öwüşginli Lissabon halkara şäherler reýtinginde iň reňbe-reň şäher boldy

Portugaliýanyň paýtagty Lissabon 2,6 milliondan gowrak üýtgeşik reňk öwüşginini görkezip, dünýäniň iň reňbe-reň şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi....

06.03.2026 20:39
5.5k+

Hytaýda gadymy wulkanlaryň arasynda täsin syýahatçylyk merkezi guruldy

Binagärlik dünýäsiniň iň täze we gyzykly taslamalarynyň biri bolan «Volcano-In» syýahatçylyk merkezi Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitindäki Baýinkulun etrabynda gurlup gutaryldy. PLAT ASIA binagärlik edarasy tarapyndan döredilen bu desga «Sähra we wulkanlar» atly uly syýahatçylyk toplumynyň bir bölegi bolup durýar...

02.03.2026 12:19
4.2k+

Suratkeş Pariždäki Pon-Nýof köprüsini «gowaga» öwürýär

Fransuz suratkeş JR Parižiň Pon-Nýof köprüsini ses effektlerini we goşmaça hakykat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly pyýada gezelenç edilýän «gowaga» öwürer. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär. Artnet...

01.03.2026 11:08
9k+

Er-Riýadda iki kilometrlik Rise Tower gökdirän binasynyň taslamasy görkezildi

Saud Arabystany Er-Riýadda bina edilmegi meýilleşdirilýän Rise Tower gökdirän binasynyň renderlerini görkezdi. Taslama görä, binanyň beýikligi, takmynan, iki kilometr bolar. Ony durmuşa geçirmek başartsa, ol ýer ýüzüniň iň beýik desgasy bolar we Dubaýdaky Burj Halifa we häzirki wagtda gurulýan Jeddah Tower-den hem öňe geçer...