Er-Riýadda iki kilometrlik Rise Tower gökdirän binasynyň taslamasy görkezildi

  • 01.03.2026 11:08
  • 9.1k+

Saud Arabystany Er-Riýadda bina edilmegi meýilleşdirilýän Rise Tower gökdirän binasynyň renderlerini görkezdi. Taslama görä, binanyň beýikligi, takmynan, iki kilometr bolar. Ony durmuşa geçirmek başartsa, ol ýer ýüzüniň iň beýik desgasy bolar we Dubaýdaky Burj Halifa we häzirki wagtda gurulýan Jeddah Tower-den hem öňe geçer.

Bu taslama halkara HKS binagärlik kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi we giň gerimli North Pole Project şäher gurluşyk başlangyjynyň bir bölegidir. Rise Tower binasynyň 678 gatly bolmagy we onda myhmanhanalaryň, restoranlaryň, edara  jaýlarynyň we synlaýyş meýdançalarynyň ýerleşmegi göz öňünde tutulýar.

Gökdiräniň gurluşygyna 2026-njy ýylda King Halid halkara howa menziliniň golaýynda başlamak meýilleşdirilýär. Esasy işlerini 2030-njy ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Taslama boýunça Rise Tower-iň belent nokady 2000 metre ýeter. Deňeşdirmek üçin, Burj Halifa diňiniň beýikligi 828 metr, Jeddah Tower-iňki bolsa, meýilleşdirilişine görä, 1000 metrden hem geçer.

Ýanaşyk ýerlerini ösdürmek döwrebap ulag infrastrukturasyny döretmegi öz içine alýar. North Pole Project-iň çäklerinde ýokary tizlikli metrony we awtonom ulag ulgamlaryny işe girizmek meýilleşdirýär.


16.04.2026 15:43
7.8k+

Jeddah Tower asmana uzaýar: ägirt bina 100-nji gata ýetdi

Saud Arabystanyndaky «Jeddah Tower» binasynyň gurluşygy resmi taýdan 100-nji gata ýetdi. Bu taslama dünýäde beýikligi bir kilometrden aşýan ilkinji bina bolmak ugrunda ynamly öňe barýar....

16.04.2026 10:56
3.7k+

2,6 mln öwüşginli Lissabon halkara şäherler reýtinginde iň reňbe-reň şäher boldy

Portugaliýanyň paýtagty Lissabon 2,6 milliondan gowrak üýtgeşik reňk öwüşginini görkezip, dünýäniň iň reňbe-reň şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi....

06.03.2026 20:39
5.5k+

Hytaýda gadymy wulkanlaryň arasynda täsin syýahatçylyk merkezi guruldy

Binagärlik dünýäsiniň iň täze we gyzykly taslamalarynyň biri bolan «Volcano-In» syýahatçylyk merkezi Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitindäki Baýinkulun etrabynda gurlup gutaryldy. PLAT ASIA binagärlik edarasy tarapyndan döredilen bu desga «Sähra we wulkanlar» atly uly syýahatçylyk toplumynyň bir bölegi bolup durýar...

02.03.2026 12:19
4.2k+

Suratkeş Pariždäki Pon-Nýof köprüsini «gowaga» öwürýär

Fransuz suratkeş JR Parižiň Pon-Nýof köprüsini ses effektlerini we goşmaça hakykat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly pyýada gezelenç edilýän «gowaga» öwürer. Bu barada Associated Press agentligi habar berýär. Artnet...