2,6 mln öwüşginli Lissabon halkara şäherler reýtinginde iň reňbe-reň şäher boldy

  • 16.04.2026 10:56
  • 3.8k+

Portugaliýanyň paýtagty Lissabon 2,6 milliondan gowrak üýtgeşik reňk öwüşginini görkezip, dünýäniň iň reňbe-reň şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeledi.

Irlandiýanyň JustCover kompaniýasy tarapyndan geçirilen we 78 sany ugry öz içine alan barlagda Portugaliýanyň ýene bir şäheri Portu ilkinji üçlügi ýapdy.

Lissabonyň ýeňiş gazanmagyna onuň meşhur pastel öwüşginli jaýlary, Alfama etrapçasyndaky nagyşly «azuležu» kafelleri we hemmelere tanyş sary tramwaýlary sebäp boldy.

Ikinji orny Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur eýeledi. Bu ýerde häzirki zaman gökdiränleri bilen adaty ybadathanalaryň arasyndaky ajaýyp reňk sazlaşygy nazara alyndy.

Üçünji orunda duran Portu şäheri bolsa özüniň terrakota (kerpiç reňkli) üçekleri we Doru derýasynyň boýundaky dürli reňkli binalary bilen analitikleri haýran galdyrdy.

Iň reňkli bäşligiň hataryna köp öwüşginli balkonlary bilen Kolumbiýanyň Kartahona şäheri we özüniň meşhur, reňkli kafellerden gurlan «Selaron basgançagy» bilen Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäheri girdi.

Barlagçylaryň bellemegine görä, sosial torlarynyň ösen döwründe şäheriň wizual estetikasy syýahatçylar üçin dynç alyş ugruny saýlamakda iň esasy faktorlaryň birine öwrülýär.


20.06.2026 01:05
4.2k+

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylda dünýäniň iň uzyn gonuşsyz uçuşyny ýola goýar

Qantas awiakompaniýasy 2027-nji ýylyň oktýabrynda Sidneý bilen Londonyň arasynda ilkinji göni uçuşyň başlanjakdygyny yglan etdi. Uzynlygy 16 000 km-den gowrak bolan bu ugur dünýäde iň uzyn ýolagçy gatnawy......

17.06.2026 23:58
2.9k+

Hindistan ýoň bolan elektron wiza bilen ýurda girmegiň san çäklendirmesini ýatyrdy

Hindistan 30 günlük syýahatçylyk elektron wizasy bilen ýurda girmegiň sanyna goýlan çäklendirmäni ýatyrdy. Indi şeýle wizanyň eýeleri onuň möhletiniň dowamynda ýurda isledikleriçe gelip bilýärler....

16.06.2026 23:15
4.1k+

Pariziň iň köne köprüsini uly gowaga öwürdiler: indi ol köpçülik üçin açyk

Fransuz suratkeşi JR Pariziň iň köne köprüsini uly göwrümli çeperçilik giňişligine öwüren «Pon-Nýof gowagy» atly gurnamasyny köpçülik üçin açdy. Bu desgany görmek mugtdyr we ol 28-nji iýuna çenli dowam eder....

10.06.2026 16:40
3.1k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......