Hytaýda ägirt eskalator ýaşaýjylary 240 metr belentlige çykarýar

  • 02.03.2026 12:43
  • 7.9k+

Hytaýyň Çunsin şäherinde dünýäniň açyk asman astyndaky iň uly eskalator ulgamy synag tapgyrynda işe girizildi. China Daily neşiriniň habar bermegine görä, bu desga «Zenan hudaý Uşanyň eskalatory» diýen ady aldy.

Desga belentligi 242 metr bolan aralygy geçmäge mümkinçilik berýär. Munuň özi gökdirän binalaryň beýikligi bilen deňdir. Infra-gurluş toplumy şäheriň iki etrabynyň arasyndaky gatnawy ýeňilleşdirmäge gönükdirilip, bu bölekde ýoldaky sarp edilýän wagt bir sagatdan – ýigrimi minuda çenli gysgaldy.

Umumy uzynlygy 905 metr bolan ulgamyň tehniki enjamlaşdyrylyşy 21 eskalatordan, 8 liftden, 4 trawolatordan (ýöreýän ýodadan), şeýle hem 2 pyýada köprüsinden we 2 estakadadan ybaratdyr.

Desganyň hyzmaty tölegli. Synag döwründe ýolagçy üçin bir gezeklik ýol tölegi 3 ýuan (takmynan $0,4) möçberindedir. Synag tapgyry tamamlanandan soň, ýerli häkimiýet wekilleri toplumy ulanmak üçin bellenen tölegi saklamak ýa-da ýatyrmak barada anyk karar kabul ederler.


18.06.2026 22:32
4.6k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 11:17
5k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......