Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň ösdürilýändigini we dürli ugurlarda, şol sanda parlamentara derejesinde hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigini belledi.
Gepleşikleriň dowamynda strategik taslamalary kanunçylyk taýdan goldamak hem-de hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak üçin Türkmenistanyň we Hytaýyň parlamentleriniň özara gatnaşyklarynyň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan geçirilmegi meýilleşdirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlament wekilleri üçin okuw maslahatynyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Taraplar bu çäräniň kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek ugrundaky ähmiýetini belledi.