Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard Worren şeýle netijä geldi diýip, «South China Morning Post» gazeti habar berýär.
Geçirilen barlagyň maglumatlaryna görä, wulkanyň atylmagy Hytaýyň bir bölegini eýýäm gurşap alan uzak möhletleýin gurakçylyk döwrüne gabat gelipdir. Wulkandan çykan zyňyndylardan soň, gurakçylyk ýene üç ýylyň dowamynda dowam edipdir. Alymlaryň pikiriçe, bu ýagdaý sebitde soňky bäş asyryň içinde iň agyr gurakçylyga getiripdir.
Azyk ýetmezçiligi netijesinde açlyk başlanypdyr, dürli keseller ýaýrapdyr we daýhanlaryň gozgalaňlarynyň akymy döräpdir. Şeýle şertlerde pitneçileriň serdary Li Szyçen Pekini basyp alypdyr. Paýtagt synandan soň, Min nesilşalygynyň iň soňky imperatory öz janyna kast edipdir we munuň bilen nesilşalygyň 276 ýyllyk hökmürowanlygy tamamlanypdyr.
Worren Min we Sin nesilşalyklarynyň dolandyran döwründe, ýagny 1440—1900-njy ýyllar aralygynda bolup geçen 13 sany uly wulkan atylmasyny öwrenipdir. Şeýle hem bu seljerişe Filippinlerdäki Pinatubo wulkanynyň 1991-nji ýyldaky atylmagy hem goşulypdyr.
Ylmy işiň dowamynda Hytaýyň Milli klimat merkeziniň arhiwleri, ýerli ýyl ýazgylary we dürli döwürleriň taryhy resminalary, şeýle-de Antarktidanyň we Grenlandiýanyň buz kernleriniň maglumatlary ulanylypdyr. Buz maglumatlary gadymy wulkan atylmalarynyň bir böleginiň ýazuw çeşmelerinde saklanyp galmandygy sebäpli, maglumatlary deňeşdirmek üçin zerur boldy.
Gözlegiň netijeleri boýunça Worren wulkan işjeňliginiň açlyk döwürleri bilen baglanyşygynyň El-Ninýo we La-Ninýo ýaly klimat hadysalaryna garanyňda has güýçlüdigi baradaky netijä geldi. Şeýle hem bu iş wulkan atylmalarynyň netijeleriniň bellibir sebitlere baglylykda biri-birinden tapawutlanandygyny görkezdi.
