Britaniýaly deňiz arheologlary Nýu-Prowidens adasynyň Nassau gämi duralgasynda batan alty sany gämini ýüze çykardylar. Olaryň üçüsi XVII asyryň ahyry — XVIII asyryň başlaryna, ýagny «garakçylygyň altyn eýýamyna» degişlidir.
The Guardian neşirinde bellenilişine görä, şol döwürlerde Nassau şäheri Gara Sakal we Kaliko Jek Rekhem ýaly meşhur garakçylara penalanmak üçin ygtybarly ýer bolup hyzmat edipdir.
Bu barlag işleri duralganyň ýapyk bölegine çümmek üçin ilkinji gezek resmi rugsatnamanyň alynmagy netijesinde başartdy. Tapylan iň gyzykly zatlaryň biri-de, içinden daş leňňer çykan, ýanyp kömre öwrülen agaç gäminiň göwresi boldy.
Alymlaryň aýtmagyna görä, garakçylar eden işleriniň yzyny ýitirmek we gizlemek maksady bilen, basyp alan gämilerini köplenç suw çyzygyna çenli ýakypdyrlar. Arheologlar bu tapylan gäminiň 1695-nji ýylda taryhdaky iň meşhur we iň girdejili garakçylyk çozuşyny amala aşyran Genri Eweriniň «Fensi» atly flagman gämisi bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar. Şol wagt häzirki pul möçberi bilen hasaplananda 85 million funt sterlingden ($114,7 million) gowrak bolan altyn, kümüş we gymmat bahaly şaý-sepler ogurlanypdy.
Şeýle hem ekspedisiýanyň dowamynda aýlanýan kiçi top enjamlary, demir ýarag, 25 sany gurşun ok we sowuk ýaraglary ýitilemek üçin ulanylan çalgy daşy tapyldy. Barlag işleriniň ýolbaşçysy doktor Şon Kingsli bu tapyndylary «garakçylyk hüjümleriniň şahsyýetnamasy» diýip atlandyrdy.
Ýaraglardan başga-da, deňziň düýbünden gäminiň urgan ýüpleri we gural enjamlary, aýna çüýşeler, gäminiň aşhanasyna degişli kerpiçler hem-de üstünde ýekeşahly atyň we Angliýanyň patyşalyk gerbiniň şekilleri bolan 143 sany toýun çilim şybyklary tapyldy. Olar 1740-njy ýyllarda Londonda ýasalandyr diýlip çak edilýär.
Barlagçylar duralganyň çägindäki güýçli suw akymlaryna we köp ýyllaryň dowamynda deňiz düýbüni çuňlaşdyrmak işleriniň geçirilendigine garamazdan, agaç gurnamalaryň örän gowy saklanandygyna haýran galýarlar.
Şeýle-de, ekspedisiýanyň agzalary ýerli rowayatlara görä garakçylaryň hazyna gizlän bolaýmagy mümkin bolan gowaklaryny hem barlap gördüler. Emma ol ýerlerden hiç hili hazyna tapylmady.
