Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

  • 05.06.2026 11:37
  • 3.9k+

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki Orta asyrlara we ybadathananyň gurlan eýýamyna degişlidir.

Gözleg işleri 2019-njy ýyldaky ýangyndan soň töweregi abadanlaşdyrmak hem-de 2024-nji ýylyň ahyrynda tamamlanan dikeltmek taslamasynyň çäginde başlandy. Dört metre çenli çuňlukda alnyp barlan işleriň dowamynda hünärmenler Parižiň taryhynyň takmynan ýigrimi asyryny öz içine alýan medeni gatlaklaryň üstünden bardylar.

Milli öňüni alyş arheologik gözlegler institutynyň hünärmeni, gazuw-agtaryş işleriniň ýolbaşçysy Kamilla Kolonnanyň aýtmagyna görä, ýokarky gatlaklar XII asyra degişli bolup, olaryň aşagynda VI–X asyrlara degişli galla saklanýan çukurlar, takmynan dört metr çuňlukda bolsa IV–V asyrlaryň rim kwartaly ýerleşýär.

Iň gyzykly tapyndylaryň arasynda imperator Konstantiniň şekili bolan IV asyra degişli teňňe, orta asyr küýzegärlik önümleriniň döwükleri we heniz syry açylmadyk ýazgyly gaplar bar. Arheologlar Lýutesiýanyň (Parižiň gadymy ady) taryhynyň bu döwrüniň düýpli öwrenilmändigi üçin rim döwrüniň tapyndylaryny has-da gymmatly hasaplaýarlar.

Ähli tapyndylar şäheriň arheologik merkezine tabşyrylar. Çäginde 160 sany bag ekmek meýilleşdirilýän meýdançany abadanlaşdyrmak işleri-de 2028-nji ýyla çenli tamamlanar. Arheologlar bolsa gözlegleri has-da çuňlaşdyryp, rim döwründen öňki gall eýýamynyň gatlaklaryna çenli ýetmek isleýärler.

–  Biz geçmişe öň görülmedik derejede has çuňňur aralaşmagy umyt edýäris – diýip, arheolog-dikeldiji Lýusi Altenburg maksatlaryny mälim edýär.


şu gün 17:08
1.2k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

22.06.2026 14:28
1.4k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....