Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

  • 07.06.2026 20:06
  • 3.6k+

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar.

Deslapky çaklamalara görä, bu teňňeler biziň eramyzyň takmynan 1050-nji ýyllarynda gömlüpdir. Täze tapyndy Norwegiýada wikingler döwrüni öwrenmek boýunça iň uly açyşlaryň biri boldy. Mundan ozal şeýle görnüşli hazynalardaky teňňeleriň sany seýrek ýagdaýda iki müňden geçýärdi, ýurtda üç müňden gowrak teňňeli tapyndylar bolsa hiç wagt hasaba alynmandy.

Ilkibaşda bu ýer metal detektorlaryň kömegi bilen 19 sany kümüş teňňe tapan höwesjeň gözlegçileriň ünsüni çekdi. Şondan soň işe arheolog hünärmenler goşuldy.

Arheolog Meý-Towe Smisetiň aýtmagyna görä, hazynanyň göwrümi garaşylýanlardan has uly boldy. Ol: «Metal detektorlaryň birsyhly sesi hiç kesilmedi. Ol ýerde durup, bu teňňeleriň ýerden nähili çykarylýandygyny we olaryň ýagdaýyny synlamak örän üýtgeşikdi. Olar hakykatdan hem täsin we owadan» diýip ýatlaýar.

Gözlegçiler teňňeleriň deri haltajyga ýa-da biziň günlerimize çenli saklanyp galmadyk organiki materialdan ýasalan başga bir gaplara salnyp gömülendigini çaklaýarlar. Teňňeleriň agramly bölegi wikingler döwrüniň soňky tapgyryna degişli bolan nemes we iňlis zikgeleridir.

Wikingler döwründe adamlaryň öz gymmatly zatlaryny talaňçylylardan goramak üçin esasan ýere gömendikleri köplere mälim maglumatdyr. Wikingler döwrüniň muzeýiniň (Museum of the Viking Age) hünärmenleri: «Gymmatlyklary şeýle usul bilen gizlemek adaty ýagdaýdy. Bu şol wagt iň ygtybarly çäre hasaplanypdyr» diýip belleýärler. Professor Sweýn Harald Gullbekk bolsa: «Kimdir biri bu ýeri özüne seýf hökmünde ulanypdyr we öz hazynasyny şu ýerde gizläpdir» diýip, aýdylanlaryň üstüni ýetirýär.

Şeýle-de teňňeleriň hudaýlara gurbanlyk hökmünde gömülen bolmagynyň ähtimallygy-da ýok däl. Bu teňňeleriň aslynda kime degişli bolandygyny indi anyklap bolmaýar. Gullbekk muny: «Seýle hazynalaryň bize gelip ýetmegine, diňe olary gizlän adamlaryň dürli ýagdaýlara görä yzyna dolanyp gelmändigi sebäplidir» diýip düşündirýär.

Arheologlar degişli ýeri öwrenmegi dowam etdirmegiň tarapdary. Olar bu ýerde başga-da hazynalaryň bolmagynyň mümkindigini aradan aýyrmaýarlar. Professor: «Bu golaýda gadymy binalaryň galyndylarynyň, haýsydyr bir hojalygyň ýa-da adam tarapyndan gurlan başga gurluşlary tapmak hem örän gyzykly bolardy» diýip, öz maksatlaryny mälim edýär.


25.06.2026 17:08
10k+

160 kg altyn teňňe ýitdi: Sankt-Peterburgda «asyryň ogurlygy» derňelýär

Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde bankyň saklawhanasyndan altyn maýa goýum teňňeleriniň ogurlandy. Häzir bu jenaýat boýunça uly iş gozgalyp, derňew işleri alnyp barylýar. Derňewiň maglumatlaryna görä, ýiten......

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.6k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
5k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....