Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi.
Shanidar Z diýlip atlandyrylan bu galyndylar üýtgeşik usul bilen gazylyp alyndy. Gözlegçiler galyndylara zeper ýetmezligi üçin süňkler bilen bilelikde 46 sany uly toprak bloguny bitewi görnüşde kesip aldy, şondan soň bolsa tapyndyny has çuňňur öwrenmek üçin Kembrij uniwersitetine iberdi.
Arassalaýyş işlerine başlamazdan ozal, hünärmenler süňk bölekleriniň topragyň içinde nähili ýerleşýändigini anyklamak we iş wagtynda olara zeper ýetmek töwekgelçiligini azaltmak üçin mikrokompýuter tomografiýasyny geçirdi.
Barlaghanada süňkler ýumşak çotgalar, bambuk taýajyklary we stomatologik gurallar arkaly ünsli arassalandy. Süňkleri has-da berkitmek üçin bolsa akril şepbigi ulanyldy. Şondan soň, ýüzlerçe ownuk süňk bölekleri ýeke-ýeke birleşdirilip, bitewi bir kelleçanak emele getirildi.
Deslapky maglumatlara görä, bu galyndylar, takmynan, 40 ýyl ýaşan aýal maşgala degişlidir. Alymlar Shanidar Z galyndylarynyň ozal tapylan beýleki neandertallaryň gazylyp alnan ýerleriniň gaty golaýyndan ýüze çykarylandygyny belleýär, bu bolsa şol döwrüň adamlary tarapyndan bu çägiň ýörite jaýlama üçin ulanylandygyna şaýatlyk edip biler.
