«Belgiýa barýan yz»: Luwruň talaňçylygy täze taraplardan açylýar

  • 04.06.2026 17:20
  • 3.2k+

Luwrdaky şa gymmatlyklarynyň ogurlanmagy bilen bagly jenaýat işini alyp barýan derňewçiler Belgiýa bilen arabaglanyşykly täze çaklamany gözden geçirýärler.

​Le Parisien neşiriniň habar bermegine görä, ýük ogurlygy baradaky başga bir adaty derňew wagtynda Belgiýanyň polisiýasy Gündogar Ýewropadan bolan birnäçe adamy (N.Abdulaý, A.Gelamalla, K.Sliman we H.Raşid) tussag etdi. Olaryň ykjam telefonlary barlanan wagtynda bolsa Luwruň, şol sanda 2025-nji ýylyň 19-njy oktyabrynda fransuz şa täjiniň ogurlanan ýeri bolan Apollon galereýasynyň suratlary ýüze çykaryldy.

​Ýygnanan subutnamalar Medeni gymmatlyklaryň bikanun söwdasyna garşy göreşmek boýunça merkezi müdirlige geçirildi. Hünärmenler suratlaryň asyl nusgasyny we olaryň bolup geçen ogurlyk bilen nähili dahylynyň bardygyny anyklaýarlar.

​Umumy bahasy 88 million ýewrodan geçýän sekiz sany gymmatbaha şaý-sep henizem tapylanok. Derňew gullugy birnäçe çaklamalary, şol sanda gymmatlyklaryň ogurlyk harytlaryň hyrydarlary arkaly alnyp, gaýtadan satylan bolmagyny ýa-da indiki satuwlar üçin sökülip, aýry-aýry haryt görnüşine getirilen bolmagyny-da ünsden düşürenok.


22.06.2026 14:28
1.3k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......