Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda häzirki ýagdaýy açyk beýan etdi.
«Biz muny göni aýdyp bileris: özüniň ägirt uly şöhratyna we işgärler toparynyň her günki yhlasyna garamazdan, bu eýýäm demini sanap oturan Luwr» – diýip, Leribo belledi.
Häzirki wagtda taryhy topluma 1 milliard ýewro möçberinde bahalandyrylýan giň göwrümli döwrebaplaşdyryş işleri gerek. Ýakyn geljekde muzeýiň ýolbaşçylygy goşmaça giriş gapysyny gurnamak we «Mona Liza» suratynyň göçüriljek täze zalyny gurmak üçin 360 million ýewro serişde tapmaly. Bu mukdaryň esasy bölegini — 300 million ýewrony Luwruň Abu-Dabidäki şahamçasy üpjün eder. Galan 60 million ýewrony tapmak meselesi bolsa entek sorag astynda galýar.
«Bu diýseň kyn mesele, munuň hötdesinden gelip-gelip bilmejekdigimi bilemok. Bu serişdeleri tapmak güýçli basyş döredýär» – diýip, direktor sözüniň üstüne goşdy.
Binagärlik we landşaft býurolarynyň topary maý aýynyň ortalarynda düzülen hem bolsa, obýektdäki hakyky gurluşyk işlerine diňe bir ýyldan soň başlanylar.
Oktýabr aýynda näme boldy?
Çökgünlik ýagdaýyny 2025-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda bolup geçen ogurlyk has-da ýitileşdirdi. Dört adamdan ybarat jenaýatçylar toparyna muzeýiň içine girip, iň gymmatly 9 sany eksponaty alyp gaýtmak üçin bary-ýogy ýedi minut ýeterlik boldy. Napoleon Bonaparta we imperator aýaly Žozefina degişli bolan taryhy şaý-sepler, şol sanda broş, monjuk we tiara ogrularyň oljasy boldy.