Ýaponiýada 3D-printerde ýer titremesine durnukly ilkinji iki gatly ýaşaýyş jaýy çap edildi

  • 03.03.2026 13:38
  • 3.9k+

Ýaponiýanyň Kidzuki şäherinde 3D-çap tehnologiýasyny ulanmak arkaly gurlan iki gatly O House ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlandy. Bu taslama COBOD senagat printeriniň kömegi bilen Onocom we Kizuki kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirildi. Bu Ýaponiýada ulanmaga resmi rugsat berlen şeýle görnüşli ilkinji iki gatly desgadyr.

Jaýyň meýdany 50 inedördül metre deňdir. Onuň binýady 0,5 metr çuňlukda ýerleşip, binanyň ýer üstündäki beýikligi bolsa 7 metre ýetýär. Binýatda sütünler bilen berkidilen demir-beton garnuw gurluşyň esasyny emele getirýär. Jaýyň sement garyndysyndan çap edilen diwarlary, poly we potology hem şol garnuwyň içinde ýerleşdirilipdir. Binanyň käbir bölekleri gurluşyk meýdançasynyň daşynda taýýarlanylyp, printer jemi dört adam tarapyndan dolandyrylypdyr.

Jaýyň binagärligi tebigy gowaklara çalym edýär.  Binanyň diwarlary egreldilen arka görnüşde bolup, onda dikligine goýlan adaty dörtbürç penjireler ýokdur. Tebigy ýagtylyk jaýyň depesindäki aýna gapaklar arkaly üpjün edilýär. Ýokarky gatda aşhana, naharhana we myhman otagy, aşaky gatda bolsa aýry hajathana-hammam ulgamy bolan ýatylýan otag ýerleşýär.

Jaýyň gurluşygy dünýäde iň berk talaplaryň biri hasaplanýan Ýaponiýanyň seýsmiki durnuklylyk kadalaryna doly laýyk gelýär. COBOD-yň baş direktory Henrik Lund-Nilseniň bellemegine görä, bu taslamanyň tamamlanmagy 3D-çap tehnologiýasynyň ýer titreme ähtimallygy ýokary bolan sebitlerde hem ulanylyp bilinjekdigini subut edýär.
Häzirki wagtda bu desga diňe görkezme maksady bilen ulanylýar. Geljekde şeýle binalaryň gurluşygyny ýola goýmagy, şeýle-de bu tehnologiýany goranmak ulgamynda we tebigy harasatlardan soňra dikeldiş işlerinde ulanmagy meýilleşdirýärler.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

08.06.2026 16:26
5.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......